Intel iýul aýynda çip öndürýän işgärleriniň 20 göterimini azaldar

  • 20.06.2025 09:52
  • 2.1k+

Intel iýul aýynda Intel Foundry önümçilik bölüminde işleýän işgärleriniň 15% - 20%-ni işden çykarmagy meýilleşdirýär, käbir çaklamalara görä, bu 10 müňden gowrak adam bolup biler. Bu baradaky maglumat önümçiligiň wise-prezidenti  Nagi Çandrasekaranyň adyndan täze içerki korporatiw ýaýradylan hatda berilýär diýip, OregonLive habar berýär.

Intel ozal işgärleri azaltmak meýilnamasyny yglan edipdi, emma işden çykaryljaklaryň sany indi belli boldy. Geçen ýylyň ahyrynda kompaniýanyň 109 müň işgäri bardy. Olaryň näçesiniň önümçilikde işleýändigi barada takyk maglumat aýdylmaýar.
Intel-iň iň uly önümçilik bölümlerinden biri Oregonda ýerleşýär. Bu ýerde, takmynan, 20 000 adam işleýär we işden çykaryljakdygy baradaky habar işgärleriň arasynda alada döretdi. Geçen ýyl umumy ştatdan 15 000 adamyň azaldylmagy sebäpli Oregonda 3000 töweregi adam işsiz galdy.
2024-nji ýylda kompaniýa uly öweztöleg tölejekdigini aýdyp, meýletin işden çykmagy teklip edipdi. Bu ýyl işçileriň işde zerurlygy we hünär derejesi ileri tutuljak. Intel işden çykarylýan hünärmenleriň bolmaly derejede aladasyny etmegi wada berýär.
Geçen ýyl Intel-e Oregonda, Arizonada, Nýu-Meksikoda we Ogaýoda zawodlaryny gurmak üçin “Çipler hakyndaky kanun” boýunça 7,9 milliard dollar federal kömek beriljekdigi wada edilipdi. Kompaniýa diňe 1 milliard dollar almaga ýetişdi. Galan taslamalaryň durmuşa geçiriljegi-geçirilmejegi Ak tamyň administrasiýasynyň üýtgemegi bilen gümana bolup galdy.


20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

23.04.2026 03:54
2.6k+

Samsung-da 30 ýyllap işlän top-menejer Intel-de baş direktor boldy

Intel kompaniýasy Şon Hany «Foundry Services» bölümçesiniň uly wise-prezidenti we baş direktory wezipesine belledi. Şon Han ozal 30 ýyla golaý wagtlap Samsung-da işläp, «Samsung Semiconductor» bölümçesiniň uly......

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......