Volkswagen-iň ulagdan hem has geçginli önümi bar - ol şöhlat

  • 02.06.2025 13:42
  • 4.6k+

Volkswagen-iň iň geçginli önümi awtoulag däl-de, karriwurst, ýagny 1973-nji ýylda zawodyň işgärleri üçin iýmit hökmünde peýda bolan etden edilen şöhlatdyr.

Häzirki wagtda bu ýörgünli önümdir: 2024-nji ýylda kompaniýa şeýle şöhladyň 8,6 millionyny, awtoulagyň bolsa 5,2 millionyny satdy.
Şeýle isleglidigine esaslanyp, kompaniýa 2025-nji ýylyň iýun aýyndan başlap karriwursty bölek satuwa çykarmak kararyna geldi, ol ilki Germaniýanyň demirgazygyndaky we gündogaryndaky Edeka we Neeto dükanlarynda, soňra bolsa tutuş ýurtda satuwa çykarylar.
Şöhlady mikrotolkunly peçde gyzdyryp bolýar. Täze görnüşde aýratynlykda karri tozly paket bolmaz. "Goşundy tagam kolbasanyň we sousyň özünde eýýäm ýeterlik bar" – diýip, Volkswagen-iň et bölüminiň başlygy belledi.
Kompaniýada bellemeklerine görä, bu diňe bir iýmit bolman, eýsem brendiň bir  bölegidir.
Volkswagen önümiň täzelenen görnüşiniň köp millionlyk girdeji getirmegine garaşýar.
Şöhlat kompaniýanyň resmi katalogynyň bir bölegi bolmagynda galýar we hatda öz artikul belgisi hem bar - 199 398 500 A.


02.02.2023 13:13
8.3k+

Volkswagen 2,8 müň täze IT hünärmenini işe alar

Germaniýanyň Volkswagen AG awtomobil gurluşyk konserni özüniň birnäçe bölümçesinde informasiýa tehnologiýasy gurşawyndaky orunlara 2,8 müň täze işgäri işe almagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň habaryna...

20.09.2022 13:28
3.5k+

Volkswagen 29-njy sentýabrda Porsche-niň IPO-syndan 9,4 mlrd ýewro çenli gazanmak isleýär

Germaniýanyň Volkswagen (VW) awtokonserni 29-njy sentýabrda Porsche ulag öndürijisiniň paýnamalarynyň 12,5%-niň deslapky jemgyýetçilik ýerleşdirilişini geçirmek (IPO) arkaly 8,7 mlrd ýewrodan 9,4 mlrd ýewro çenli...

11.04.2022 23:30
5.7k+

Volkswagen we Tesla iň abraýly kompaniýalaryň sanawyndan çykdy

“Time” žurnaly “geljegiň formirlenmegine uly täsir edýän” 100 kompaniýadan ybarat ýyllyk sanawyny hödürledi. Bu sanaw hasap boýunça ikinji bolup, bu gezek oňa üç awtoöndüriji girdi: amerikan kompaniýasy Ford, hytaý...

02.06.2025 14:02
4.6k+

Samsung smartfonlary öz güýji bilen çykarýan ýeke-täk öndüriji bolup galdy

Sony kompaniýasy özbaşdak smartfon önümçiliginden gutarnykly ýüz öwrüp, bu işi beýleki kompaniýalara tabşyrdy. Ozal ol arzan we orta modelleri autsorsinge beripdi, indi bolsa gymmat flagmanlar, mysal üçin, Sony Xperia I VII hem Sony-nyň zawodlarynda ýygnalmaz...