Volkswagen 29-njy sentýabrda Porsche-niň IPO-syndan 9,4 mlrd ýewro çenli gazanmak isleýär

  • 20.09.2022 13:28
  • 2947
Volkswagen 29-njy sentýabrda Porsche-niň IPO-syndan 9,4 mlrd ýewro çenli gazanmak isleýär

Germaniýanyň Volkswagen (VW) awtokonserni 29-njy sentýabrda Porsche ulag öndürijisiniň paýnamalarynyň 12,5%-niň deslapky jemgyýetçilik ýerleşdirilişini geçirmek (IPO) arkaly 8,7 mlrd ýewrodan 9,4 mlrd ýewro çenli düşewünt almagy meýilleşdirýär. Bu barada duşenbe güni Financial Times gazeti habar berdi.

VW-niň beýannamasyna laýyklykda, düşewündiň ýarysyna barabaryny bir gezeklik ýörite diwidentleriň tölegine gönükdirer, galan serişdeleri bolsa, akkumulýator tehnologiýasyna geçmäge goldaw bermek maksady bilen, ulag öndürijiniň  özüne goýar.
Frankfurtyň gazna biržasynyň söwdalaşyklarynda gymmatly kagyzlaryň bahasy, garaşylyşy ýaly, 76,7 ýewrodan 82,5 ýewro çenli bolar, munuň netijesinde bolsa, sport awtoulaglarynyň kysymynyň bahasy 70-75 mlrd ýewro ýetmegi mümkin.
Deslapky maglumatlara görä, 3,8 mlrd ýewro çenli bolan paýnamalary öňdebaryjy maýadarlar, öňi bilenem Kataryň we Abu-Dabiniň abadançylyk boýunça özbaşdak gaznalary, şeýle-de Norwegiýanyň banky alar.


02.02.2023 13:13
7665

Volkswagen 2,8 müň täze IT hünärmenini işe alar

Germaniýanyň Volkswagen AG awtomobil gurluşyk konserni özüniň birnäçe bölümçesinde informasiýa tehnologiýasy gurşawyndaky orunlara 2,8 müň täze işgäri işe almagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň habaryna...

11.04.2022 23:30
5347

Volkswagen we Tesla iň abraýly kompaniýalaryň sanawyndan çykdy

“Time” žurnaly “geljegiň formirlenmegine uly täsir edýän” 100 kompaniýadan ybarat ýyllyk sanawyny hödürledi. Bu sanaw hasap boýunça ikinji bolup, bu gezek oňa üç awtoöndüriji girdi: amerikan kompaniýasy Ford, hytaý...

02.06.2023 01:21
24771

Ilon Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy

Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň esaslandyryjysy, şeýle-de Twitter kompaniýasynyň eýesi Ilon Mask Bloomberg agentliginiň wersiýasy boýunça dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde ýene-de birinji orna gaýdyp geldi...

29.05.2023 15:55
21857

ABŞ-nyň birnäçe milliarderleriniň baýlygy ýurduň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden artyk

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda defolt howpunyň fonunda baýlygy 49,47 milliard dollardan geçýän milliarderleriň sany hasaplanyldy - bu hökümetiň borçlaryny ýerine ýetirmek üçin Maliýe ministrliginiň ygtyýaryndaky...