Porsche bilen La Marzocco kofe maşyny çykardy – ol sekiz sagatda satyldy

  • 27.10.2024 14:31
  • 9.8k+

Awtomobil brendi Porsche italýan kofemaşyn öndürijisi La Marzocco bilen bilelikde espresso-maşynyň çäkli tapgyryny hödürledi. Ol bary-ýogy sekiz sagatda satylyp gutardy diýip, “Awtopilot” habar berýär.

Porsche x La Marzocco Linea Micra adyny alan eksklýuziw model iki dizaýn görnüşinde çykaryldy.
Meşhur Porsche 911 Carrera RSR awtomobilini ýada salýan Slate Grey reňkindäki birinji modeliň bahasy 6,5 müň dollar. Martini Racing ýaryş liwreýasynyň stilinde ýerine ýetirilen ikinji görnüş 7 müň dollar bilen bahalandyryldy.
Deňeşdirmek üçin, Porsche bilen baglanyşykly bolmadyk adaty Linea Micra modeliniň bahasy 3,9 müň dollara barabar.
Kofemaşyn iki boýlerden, termoizolirlenen bug turbasyndan we rotasion pompadan ybarat. Ýörite wersiýa tahometr stilindäki awtomobil basyş indikatory we Porsche sportkarlaryndaky režim selektoryna meňzeş öwürme tutary bilen tapawutlanýar.


02.03.2026 18:25
2.4k+

Maserati bir ýylda Porsche-niň 11 günde satanyndan hem az ulag satdy

Maserati kompaniýasy 2025-nji ýyly satuwlaryň düýpli pese düşmegi bilen tamamlady. Carscoops neşiriniň bellemegine görä, 12 aýyň dowamynda bütin dünýäde bary-ýogy 7,9 müň awtomobil satyldy. Bu mukdar Porsche-niň takmynan 11 günde satýan ulaglarynyň sanyna barabardyr...

20.09.2022 13:28
3.7k+

Volkswagen 29-njy sentýabrda Porsche-niň IPO-syndan 9,4 mlrd ýewro çenli gazanmak isleýär

Germaniýanyň Volkswagen (VW) awtokonserni 29-njy sentýabrda Porsche ulag öndürijisiniň paýnamalarynyň 12,5%-niň deslapky jemgyýetçilik ýerleşdirilişini geçirmek (IPO) arkaly 8,7 mlrd ýewrodan 9,4 mlrd ýewro çenli...

düýn 20:09
2.2k+

Dolce Gabbanasyz galdy: Stefano Gabbana Dolce & Gabbana-nyň başlygy bolmakdan el çekdi

Toparyň resmi beýanatyna salgylanyp berilýän metbugat habarlaryna görä, Dolce & Gabbana-nyň esaslandyryjysy Stefano Gabbana kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň başlygy wezipesinden çekildi we ol inde brende......

15.04.2026 14:39
2.1k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......