Labubu öndürijisi hytaý gazetindäki ýiti tankyt sebäpli $4 mlrd ýitirdi

  • 22.06.2025 11:33
  • 4.9k+

Meşhur Labubu oýnawaçlaryny çykarýan Pop Mart kompaniýasynyň eýesi “Ženmin žibao” gazetindäki ýiti tankytdan soň tas 4 mlrd dollar ýitirdi. Kompaniýanyň paýnamalary Gonkong biržasynda birden arzanlady diýip, South China Morning Post habar berýär.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-nyň resmi çap neşiri bolan gazet kompaniýanyň iş modelini “bilkastlaýyn konsýumerizmde” aýyplady. Gürrüň alyja gutyny açýança içinde nähili oýnawajyň bardygyny bilmäge mümkinçilik bermeýän sýurpriz-gutular barada gidýär. Neşiriň pikiriçe, şeýle ulgam çagalarda we ýetginjeklerde garaşlylyk döredip, doly kolleksiýany ýygnamak üçin gaýtadan satyn almaga itergi berýär.
Şol bir wagtyň özünde, Pop Mart makalada gönüden-göni agzalmaýar. Tekstde “bu gyzyklanmadan esasy peýdalanyjy” barada aýdylýar we bu analitikleriň pikiriçe, hut bu kompaniýany görkezýär. Pop Mart-yň iň meşhur seriýasy Aziýada, Ýewropada, Russiýada we ABŞ-da belli bolan dişli elfler Labubu bolup galýar.


Pop Mart-yň paýnamalarynyň bahasy iki günde 8,8% azaldy, bazar bahasy bolsa 30,89 mlrd Gonkong dollary (takmynan, $3,93 mlrd) pese gaçdy. Anna güni paýnamalar ýene 3,6% azalyp, 239,60 Gonkong dollary derejesinde ýapyldy.
2023-nji ýylda Hytaý häkimiýetleri sekiz ýaşa çenli çagalar üçin sýurpriz-gutularyň satuwyny çäklendirdi. Şol wagt bu çäre syýasy toparlaryň arasynda goldanyldy.
Tankyda garamazdan, analitikler oňyn çaklamany saklaýar. UBS ýyllyk hasabynda girdejiniň 35% ösmegine garaşýar, JPMorgan bolsa Labubu-nyň meşhurlygyny Hello Kitty bilen deňeşdirýär. 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Pop Mart-yň daşary ýurtlarda satuwy 480% ýokarlandy, kompaniýanyň bahasy bolsa beýleki uly oýnawaç öndürijileriniň – Sanrio (Hello Kitty), Hasbro (My Little Pony, “Transformerler” we “Monopoliýa”) we Mattel (Barbi gurjaklary – umumylykdaky bahasyndan geçdi.


27.05.2026 15:34
2.6k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.7k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.6k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....