Samsung iki ýylyň dowamynda ilkinji gezek girdejisiniň 56%peselmegine garaşýar

  • 10.07.2025 23:45
  • 2.7k+

Samsung Electronics 2025-nji ýylyň ikinji çärýegi boýunça operasion girdejisiniň ep-esli azalmagyna garaşýar. Günorta Koreýanyň tehnoägirdiniň deslapky bahalandyrmasyna görä, bu döwürde operasion girdejisi 4,6 trln wona ($3,37 mlrd) deň bolar, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 56% azdyr. Şol wagt girdeji 10,4 trln wona ýetipdir.

Bu görkeziji soňky alty çärýekdäki iň pes netije bolup biler. Samsung-yň çaklamasy analitikleriň garaşýan netijelerinden ep-esli pes. LSEG SmartEstimate çaklaýyş modeliniň maglumatlaryna görä, operasion girdejiniň 6,2 trln won bolmagyna garaşylýardy.
Samsung girdejiniň peselmegini ABŞ-nyň Hytaýa garşy girizen sanksiýalary sebäpli, ýokary hilli emeli aň çipleriniň iberilişindäki çäklendirmeler bilen baglanyşdyrýar. Kompaniýanyň işi esasan hem Hytaý bazaryna gönükdirilendir.
Reuters agentliginiň pikir soraşmasyna gatnaşan analitikler girdejiniň azalmagynyň başga bir sebäbi hökmünde, Samsung-yň Nvidia üçin ýokary geçirijilikli çipleriniň iberilişiniň gijikmegini görkezýärler. Mart aýynda kompaniýa bu çipleri iýun aýynda iberip başlajakdygyny aýdypdy, emma häzirki wagtda bu çipleriň heniz synag edilýändigi we ABŞ-a ibermek üçin taýýarlanýandygyny mälim edildi.


düýn 20:25
2.4k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......