7.9k+

Londonda Jeýms Bonduň jaýy satuwa çykaryldy: bahasy £6,45 mln

Londonda britaniýaly ýazyjy Ýan Flemingiň romanlarynyň gahrymany – meşhur “007 agenti” Jeýms Bond bilen baglanyşykly diýlip hasaplanýan jaý satuwa çykaryldy. Onuň bahasy 6,45 mln funt sterlinge barabar diýip, Mansion Global habar berýär...

3.5k+

“Kinostudiýa” serialy 13 “Emmi” baýragyna mynasyp bolup, rekord goýdy

14-nji sentýabrda Los-Anjelesde 77-nji “Emmi” telewizion baýragynyň gowşurylyş darabasy geçirildi. Agşamyň esasy ýeňijisi 13 heýkele mynasyp bolan, şol sanda “Iň gowy komediýa serialy” kategoriýasynda ýeňiş gazanan “Kinostudiýa” serialy boldy diýip, Variety habar berýär...

1.2k+

Nintendo “Doganlar Super Mario kinoda” multfilminiň dowamynyň tizerini görkezdi

Nintendo Direct tanyşdyrylyşynda “Doganlar Super Mario kinoda” multfilminiň dowamynyň ilkinji tizeri görkezildi. Täze multfilm The Super Mario Galaxy Movie adyny aldy. Tizer sýužeti açyp görkezmeýär. Wideoda kamera ilki agajyň aşagynda ýatan Mariony görkezýär, soňra şa gyzy Pijiň galasyna golaýlaýar, soň bolsa kosmosa okdurylýar...

3.9k+

Horror žanryndaky kitaplaryň awtory Stiwen King gowy görýän 10 filmini paýlaşdy

Amerikaly ýazyjy Stiwen King X sosial ulgamynda öz gowy görýän filmleriniň sanawyny hödürledi diýip, Deadline habar berýär. Awtor sanawa öz eserleriniň ekranlaşdyrmasyny goşmady: “Mizeri” (1990, režissýor Rob Raýner), “Ýanymda gal” (1986, režissýor Rob Raýner, “Beden” powestiniň ekranlaşdyrmasy), “Şouşenkden gaçyş” (1994) we “Ýaşyl milýa” (1999, ikisi-de – režissýor Frenk Darabont)...

7.2k+

Modelýer Jorjo Armani barada film düşüriler

“Ferrari” filmini döredijileriň biri bolan italýan prodýuseri Andrea Ýerwolino modelýer Jorjo Armani barada terjimehal filminiň düşüriljekdigini mälim etdi. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Film XX we XXI asyrlaryň iň abraýly moda dizaýnerleriniň biri diýlip atlandyrylýan Armaniniň şahsy we hünär durmuşyna bagyşlanar...

4.9k+

“Jumanji 3” filmi noýabrda düşürilip başlanar - Dueýn Jonson

Aktýor Dueýn Jonson “Jumanji 3” filminiň şu ýylyň noýabrynda düşürilip başlanjakdygyny habar berdi. Taslama barada giňişleýin maglumatlar we onuň premýerasynyň senesi entek belli däl. Täze bölümiň ikinji filmiň sýužetini dowam etdirmegine we gahrymanlaryň täze başdangeçirmelerini görkezmegine garaşylýar...

2.5k+

Uill Smit we Paramount täze kino taslamalary üçin şertnama baglaşdy

Aktýor Uill Smit tarapyndan esaslandyrylan Westbrook prodýuserlik kompaniýasy Paramount bilen şertnama baglaşdy. Onuň şertlerine görä, Smit franşiza boljak blokbasterleri döretmäge gatnaşar, Paramount bolsa olary ýaýratmak üçin hukuk gazanar diýip, Deadline habar berýär...

2.4k+

Jeýms Gann “Supermeniň” dowamynyň adyny we çykjak senesini aýtdy

“Supermeniň” dowamy “Ertiriň adamy” goşmaça adyna eýe boldy we 2027-nji ýylyň iýulynda çykar. Bu barada režissýor we DC Films-iň egindeş başlygy Jeýms Gann sosial ulgamlarda habar berdi. Ol habara Supermeniň söweş kostýumyndaky Leks Lýutoryň ýanynda duran komiks suratyny goşdy...

3.1k+

Marvel zombi supergahrymanlar barada animasion serialyň treýlerini görkezdi

Disney+ studiýasynyň “Zombi Marvel” animasion serialynyň ilkinji treýleri çykdy. Serial dört bölümden ybarat bolar, premýera 24-nji sentýabra meýilleşdirildi. Sýužet Ýeri zombi wirusynyň gurşap alyp, tutuş adamzady, şol sanda supergahrymanlaryň köpüsini janly ölülere öwrüşi barada gürrüň berýär...

2.5k+

Call of Duty oýny esasynda film düşüriler

Paramount studiýasy şuter žanryndaky meşhur Call of Duty oýnuny ekranlaşdyrmak bilen meşgullanar. Taslama Paramount bilen oýny işläp düzüji Activision kompaniýasynyň arasynda şertnama baglaşylandan soň resmi taýdan işe girizildi...

2.4k+

“Ol” filminiň köp bölümli prikweli Hellouiniň öňüsyrasy HBO Max-da çykar

“Ol: Derrä hoş geldiňiz” (Оно: Добро пожаловать в Дерри) serialy 26-njy oktýabrda, Hellouiniň öňüsyrasy HBO Max akym hyzmatynda çykar. Bu barada hyzmatyň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berildi.  Serial Stiwen Kingiň “Ol” romanyna (1986) esaslanýar we “Ol” (2017) hem “Ol 2” (2019) horror filmleriniň prikwelidir...

2.7k+

Disney “Buz eýýamy 6-nyň” çykjak senesini yglan etdi

Orlandoda geçirilen Destination D23 çäresinde Disney-iň prodýuserleri “Buz eýýamy: Gaýnama nokady” multfilminiň ilkinji görkeziljek senesini yglan etdiler. Film 2027-nji ýylyň 5-nji fewralynda görkeziler diýip, Variety habar berýär...

1.5k+

Disney jadylaýyş ukyplary bolan ýetginjek hakda täze multfilm çykarar

Orlandoda D23 Destination-niň tanyşdyrylyş dabarasynda Walt Disney Animation Studios  “Hexed”  (“Jadylanan” (“Заколдованный”)) atly özboluşly animasiýa filmini taýýarlaýandygyny habar berdi. Onuň ilkinji görkezilişini 2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, Deadline habar berýär...

5.6k+

«Awatar 3-iň» täze kadry peýda boldy. Onda öňki ganhor gaýdyp gelýär

«Awatar: Ot we kül» (Avatar: Fire And Ash) filminiň premýerasy şu ýylyň iň köp garaşylýan kino wakalarynyň biridir. Jeýms Kemeronyň franşizasynyň üçünji bölüminiň 19-njy dekabrda görkezilmegine garaşylýar. Häzirlikçe döredijiler taslama barada bölekleýin maglumatlary paýlaşýarlar...

2.5k+

Lego «Willi Wonka we şokolad fabrigi» filmi esasynda toplum çykarar

Lego 1971-nji ýylda çykarylan «Willi Wonka we şokolad fabrigy» filminiň esasynda täze konstruktoryň çykarylýandygyny mälim etdi diýip, HypeBeast habar berýär. Toplum 2025 sany detal bilen düzülip, şokolad şaglawugyny we derýany ýygnamaga mümkinçilik berýär...

3k+

Warner Bros. basketbolçy Kobi Braýant hakynda film düşürer

Warner Bros. Pictures kompaniýasy basketbolçy Kobi Braýant hakynda film taýýarlamaga girişýär. Variety neşiriniň habar bermegine görä, studiýa onuň durmuşy barada ýazylan deslapky ssenarini satyn alypdy. Filmiň wakalary hakyky durmuş wakalaryna esaslanýar...