“Jumanji 3” filmi noýabrda düşürilip başlanar - Dueýn Jonson

  • 11.09.2025 10:12
  • 4.9k+

Aktýor Dueýn Jonson “Jumanji 3” filminiň şu ýylyň noýabrynda düşürilip başlanjakdygyny habar berdi.

Taslama barada giňişleýin maglumatlar we onuň premýerasynyň senesi entek belli däl. Täze bölümiň ikinji filmiň sýužetini dowam etdirmegine we gahrymanlaryň täze başdangeçirmelerini görkezmegine garaşylýar.
Ilkinji “Jumanji” 1995-nji ýylda baş keşplerde Robin Uilýams we Kirsten Danst bilen çykdy. Film dünýä prokatynda 262,8 mln dollar ýygnap, öz döwrüniň meşhur filmine öwrüldi. 2017-nji ýylda ekrana onuň gaýtadan düşürilen wersiýasy – “Jumanji: Jeňňelleriň sesi” (Джуманджи: Зов джунглей) çykdy we ol 962,5 mln dollar ýygnady. Iki ýyldan soň onuň dowamy “Jumanji: Täze dereje” (Джуманджи: Новый уровень) hödürlendi.
Franşizanyň umumy kassa ýygymy bütin dünýäde 2,02 mlrd dollardan geçdi.


şu gün 09:56
1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
897

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.1k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......