Netflix-iň çykaran filmi ilkinji gezek ABŞ-da prokatyň öňdebaryjysy boldy

  • 27.08.2025 16:00
  • 2.7k+

Netflix-iň “Keý-pop melgun awçylary” animasion filmi amerikan prokatynda birinji orny eýeledi. Ilkinji dynç günleri film 18-20 mln dollar töweregi gazandy diýip, Variety habar berýär.

Adatça Netflix kinoteatr relizlerinden gaça durýar. Täze multfilm hem eýýäm iki aý bäri akym hyzmatynyň katalogynda dur, ýöne indi ol 1700 kinoteatrda görkezilip başlandy. Bu Netflix-iň beýleki filmlerini görkezen ekranlarynyň sanyndan iki esse köpdür.
“Keý-pop-awçylarynyň” sýužeti iki durmuşda ýaşaýan Huntrix toparyndaky gyzlar barada gürrüň berýär: sahnada olar keý-pop aýdymçy hökmünde çykyş edýär, ondan daşary bolsa melgun jandarlar bilen söweşýär.
Multfilmiň režissýorlary Meggi Kan we Kris Appelhans boldy. Gahrymanlara meşhur koreý we amerikan aktýorlary ses berdi. 


şu gün 14:57
590

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

şu gün 14:47
2.3k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

şu gün 08:26
4.1k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
969

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....