Lionsgate “Alagaraňkylyk” filmlerini 4K formatda gaýtadan prokata çykarar

  • 29.08.2025 01:03
  • 3.8k+

Lionsgate “Alagaraňkylyk” (Сумерки) filmlerini gaýtadan prokata çykarýandygyny mälim etdi. Franşizanyň ähli filmleri ABŞ-da täzelenen 4K görnüşde görkeziler. Filmleriň görkezilişi oktýabrda başlar diýip, Discussing Films twitter-akkaunty habar berdi.

Franşiza amerikan ýazyjysy Stefani Maýeriň romanlaryna esaslanýar. Bu romanlar dört kitapdan ybarat: “Alagaraňkylyk”, “Täze Aý”, “Tutulma” we “Säher”. Kitaplar Forks şäherine göçüp gelýän we wampir Edward Kallene aşyk bolýan on ýedi ýaşly gyz Bella Swon barada gürrüň berýär.
Kitaplaryň ekranlaşdyrmasy bäş filmden ybarat bolup, olar 2008-nji ýyldan 2012-nji ýyl aralygynda çykdy. Filmlerde baş keşpleri Kristen Stýuart, Robert Pattinson we Teýlor Lotner ýerine ýetirdi. Franşizanyň umumy kassa ýygymy 3 mlrd dollardan geçdi. 


şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.3k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......