Baş keşpde Dueýn Jonson bilen “Ýumrujy” filmi Wenesiýada 15 minutlyk el çarpyşma mynasyp boldy

  • 03.09.2025 23:38
  • 10k+

Wenesiýada “Ýumrujy” (Крушащая машина) filminiň premýerasy 15 minutlyk el çarpyşmalar bilen tamamlandy – bu häzirki festiwalda iň dowamly el çarpyşmalaryň biri boldy. El çarpyşma wagtynda baş keşbi ýerine ýetiriji Dueýn “Gaýa” Jonson gözýaşyny saklap bilmedi.

Variety žurnaly premýeranyň dört ýyl mundan ozal Brendan Freýzer “Läheň” filminiň görkezilişinden soň gözüni ýaşlany bäri festiwalyň iň tolgundyryjy pursatlarynyň biri bolandygyny belledi. Şondan soň Freýzer birnäçe baýraga, şol sanda “Oskara” mynasyp boldy we indi köpler Jonsonyň hem şeýle ykrar edilmegini çaklaýar.


Filmde Jonson içki meseleleri bilen göreşýän UFC-niň iki gezek çempiony Mark Kerriň keşbini ýerine ýetirdi. Tankytçylar artistiň bu oýna öňki blokbasterlerden has içgin girişendigini belleýär. Filmde oňa Emili Blant hem goşuldy. Ol ekranda söweşijiniň söýgülisi Don Steýplzi janlandyrdy.
El çarpyşma wagtynda režissýor Benni Safdi şatlyk gözýaşyny saklap bilmän, aktýorlary gujaklady. Premýera Mark Kerriň özi-de gatnaşdy. Ol hem ahyrky titrlerde duýgularyny gizläp bilmedi.
“Ýumrujy” filmi 3-nji oktýabrda dünýä prokatyna çykar.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......