Modelýer Jorjo Armani barada film düşüriler

  • 11.09.2025 19:49
  • 7.1k+

“Ferrari” filmini döredijileriň biri bolan italýan prodýuseri Andrea Ýerwolino modelýer Jorjo Armani barada terjimehal filminiň düşüriljekdigini mälim etdi. Bu barada Deadline neşiri habar berýär.

Film XX we XXI asyrlaryň iň abraýly moda dizaýnerleriniň biri diýlip atlandyrylýan Armaniniň şahsy we hünär durmuşyna bagyşlanar. Ýerwolino taslamanyň üstünde birnäçe aý işlenendigini we onuň özüniň dünýä derejesindäki täzelikçä hormat goýmak isleginiň netijesi bolandygyny belledi. Ssenarini ozal prodýuser bilen ençeme gezek hyzmatdaşlyk eden Bobbi Moresko ýazar.

“Armaniniň ýogalmagy Italiýa we tutuş dünýä üçin Armani adynyň gymmatyny we ähmiýetini ýene bir gezek nygtady” – diýip, Ýerwolino aýtdy.

Jorjo Armani 4-nji sentýabrda 91 ýaşynda aradan çykdy. 
Sentýabryň ahyrynda Milanyň Pinakoteka Brera galereýasynyň howlusynda meşhur modelýeriň kolleksiýasynyň soňky görkezilişi bolar. Ilkibaşda ol Milandaky Moda hepdeliginiň jemi hökmünde göz öňünde tutulypdy we Armani öýüniň 50 ýyllygy bilen gabat gelmelidi. Ýubileý görkeziliş üçin ýeri modelýeriň hut özi saýlady we oňa taýýarlyk gördi. Şeýle-de, galereýada onuň döredijiligine bagyşlanan sergi açylar.
Ozal, 1990-njy ýylda Martin Skorseze Jorjo Armani barada “Made in Italy” ady bilen gysga metražly dokumental film düşüripdi. Onda dizaýner maşgalasynyň we Milanyň brendiň döredilişine ýetiren täsiri barada gürrüň berdi we iş prosesi bilen paýlaşdy. 


düýn 15:28
1.6k+

Odri Hepbýorne degişli bolan Bulgari gülýakasy çaklanan bahasyndan 5 esse gymmat satyldy

Aktrisa Odri Hepbýorne degişli bolan 1960-njy ýyllaryň Bulgari gülýakasy Pariždäki Sotheby’s auksionynda 355 600 ýewro satyldy diýip, söwda öýüniň saýty habar berýär. Harydyň ahyrky bahasy deslapky 60 müň ýewro bahadan bäş esse dagy ýokary boldy...

28.01.2026 14:45
1.7k+

«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler

«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy...

14.01.2026 17:41
5.4k+

«Gaty geň zatlaryň» ýyldyzy Milli Bobbi Braun öz egin-eşik brendini çykardy

Britaniýaly aktrisa we model,  «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела») serialynyň ýyldyzy Milli Bobbi Braun Mills by Millie Bobby Brown atly egin-eşik brendini çykardy.  Fashion Network neşiriniň habaryna görä, brendiň önümleri  diňe Walmartyň ABŞ-daky dükanlarynda satylýar...

30.09.2025 17:48
3.1k+

Guççiniň maşgalasy barada täze serial surata düşüriler

Italiýanyň Sky telekompaniýasy Guççiniň maşgalasy barada serialyň taýýarlanýandygyny habar berdi. “Guççi: Oýun gutardy” (“Гуччи: Игра окончена”) atly alty bölümli taslamanyň surata düşürilişi 2026-njy ýylyň ýazynda başlanar diýip, Variety habar berýär...