Warner Bros. basketbolçy Kobi Braýant hakynda film düşürer

  • 26.08.2025 14:03
  • 3k+

Warner Bros. Pictures kompaniýasy basketbolçy Kobi Braýant hakynda film taýýarlamaga girişýär. Variety neşiriniň habar bermegine görä, studiýa onuň durmuşy barada ýazylan deslapky ssenarini satyn alypdy.

Filmiň wakalary hakyky durmuş wakalaryna esaslanýar. Onda 1996-njy ýylda Braýantyň «Charlotte Hornets» topary tarapyndan saýlanylmagy we soňra «Los Angeles Lakers» toparyna geçmegi görkeziler.
Ssenariniň taslama ady With the 8th Pick? bolup, ony Aleks Son we Gewin Ýohansen ýazdy. Taslama eýýäm Bennet Milleriň «Moneyball» (Ähli zady üýtgeden adam) we Ben Afflegiň «Air: The Big Jump» («Air: Uly böküş») filmleri bilen deňeşdirilýär.
Häzirlikçe Warner Bros. geljekki filmiň jikme-jik maglumatlaryny aýan etmeýär.
Braýant «Lakers» toparynda 20 möwsüm oýnady we topar bilen bäş gezek çempion boldy. Ol 2016-njy ýylda, 37 ýaşyndaka, professional basketbolçylyk karýerasyny tamamlady. 2020-nji ýylyň ýanwarynda ol gyzy Žanna we başga-da sekiz ýolagçy bilen bilelikde dikuçaryň heläkçiliginde aradan çykdy.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......