Wenesiýa kinofestiwaly badalga aldy: Werner Hersog “Altyn ýolbarsa” mynasyp boldy

  • 28.08.2025 17:21
  • 2.2k+

Italiýada 82-nji Wenesiýa kinofestiwaly öz işine başlady. Festiwalyň ilkinji güni kinematografda bitiren hyzmatlary üçin “Altyn ýolbars” hormat baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şu ýyl ony germaniýaly režissýor Werner Hersog aldy. Hormat baýragyny oňa tanymal režissýor Frensis Ford Koppola gowşurdy.

Režissýor öz çykyşynda bu baýragy almagyň uly mertebedigini belledi we häzir Irlandiýada Bucking Fastard filmini düşürýändigini, “The Twilight World” romanynyň esasynda animasion taslama taýýarlaýandygyny we Pon Jun-honyň multfilmindäki gahrymanlaryň birine ses bermegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Şol gün režissýor özüniň Afrikada düşürilen “Ruhpisint piller” (Призрачные слоны) atly täze dokumental filmini-de hödürledi.
Häzire çenli Hersog 70-den gowrak film döretdi. Şeýle-de, ol kitap ýazýar, opera goýýar, kinoda düşýär we sapak berýär.
Wenesiýadaky kinofestiwal Paolo Sorrentinonyň “Merhemet” (Благодать / La grazia) filmi bilen açyldy. Ol kinofestiwalyň esasy bäsleşigine gatnaşýar. Filmde baş keşbi Toni Serwillo ýerine ýetirdi.
Festiwalyň bäsleşik programmasyna 21 film girdi, olaryň arasynda Jim Jarmuşyň “Kaka eje uýa dogan” (Отец мать сестра брат), Fransua Ozonyň “Keseki” (Посторонний), Ketrin Bigelouwyň “Dinamitden öý” (Дом из динамита), Ýorgos Lantimosyň “Bugoniýa” (Бугония), Oliwýe Assaýasyň “Kreml jadygöýi” (Кремлёвский волшебник), Benni Sefdiniň “Ýumrujy” (Крушащая машина), Gilýermo Del Toronyň “Frankenşteýn” (Франкенштейн) filmleri we beýlekiler bar.
Şu ýyl festiwalyň emin agzalarynyň ýolbaşçysy amerikaly režissýor Aleksandr Peýn boldy. Festiwal 6-njy sentýabra çenli dowam eder.


şu gün 08:26
2.2k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
946

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....