Disney jadylaýyş ukyplary bolan ýetginjek hakda täze multfilm çykarar

  • 03.09.2025 11:51
  • 1.5k+

Orlandoda D23 Destination-niň tanyşdyrylyş dabarasynda Walt Disney Animation Studios  “Hexed”  (“Jadylanan” (“Заколдованный”)) atly özboluşly animasiýa filmini taýýarlaýandygyny habar berdi. Onuň ilkinji görkezilişini 2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, Deadline habar berýär.

Ýordum bir ýetginjegiň we onuň ejesiniň töwereginde ýaýbaňlanýar. Tizara oglanyň jady bilen baglanyşykly bolmagy mümkin üýtgeşik häsiýetleri açylyp başlaýar. Film barada jikme-jiklikler entek açylmady.
Taslama “Zweropolisiň” üstünde işlän Jozi Trinidad we “Moana 2-ni” surata düşüren režissýor Jeýson Hend ýolbaşçylyk eder. Roý Konli bilen Huan Pablo Reýes Lankaster-Hons prodýuser bolar.
Şol çärede Disney “Buzluk döwri: Gaýnama nokady” (“Ледниковый период: Точка кипения”) multfilminiň - meşhur franşizanyň altynjy böleginiň çykjak senesini hem yglan etdi. Film 2027-nji ýylyň 5-nji fewralynda ekranlara çykar. Gysga beýanda täze başdan geçirmäniň Ýitirilen dünýäniň açylmadyk künjeklerine eltjekdigi bellenilýär.
Mundan başga-da, Disney Branded Television teleýaýlymy tarapyndan “Kowen Akademiýasy” serialynyň goýberiljekdigi belli boldy. Waka Täze Orleanda ýaýbaňlanar we şäheri erbetlikden goramaly, şol bir wagtyň özünde ulalmaklygyň, dostlugyň we ilkinji söýginiň kynçylyklaryna duçar boljak üç sany ýaş jadygöý hakda gürrüň berer.


11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....