Momoa we 50 Cent bilen Street Fighter oýnunyň ekranlaşdyrmasy 2026-njy ýylyň oktýabrynda çykar

  • 07.09.2025 19:23
  • 1.8k+

Paramount kompaniýasy Street Fighter oýny boýunça “Köçe söweşijisi” filminiň premýerasynyň 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda boljakdygyny mälim etdi. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

Ilkibaşda taslama Lionsgate-iň elindedi we 2026-njy ýylyň martynda çykarmak meýilleşdirilipdi. Paramount bilen Lionsgate birleşenden soň relizleriň tertibi üýtgedildi.
Aktýorlar düzümine Jeýson Momoa, Noý Sentineo, 50 Cent, Endrýu Kodzi, Dewid Dastmalçýan we beýlekiler girdi. Filmiň režissýory hökmünde Kitao Sakuraý çykyş eder.
Street Fighter oýny 1987-nji ýylda Capcom kompaniýasy tarapyndan çykaryldy. Häzirki günde onuň iň belli ekranlaşdyrmasy Žan-Klod Wan Dammyň gatnaşmagynda 1994-nji ýylda çykan film hasaplanýar. Onda waka garşydaş gözläp, dünýä syýahat edýän karateçi Rýunyň töwereginde ýaýbaňlanýar. “Köçe söweşijisi” “faýting” žanryndaky oýunlaryň esasyny goýujy boldy.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......