Call of Duty oýny esasynda film düşüriler

  • 04.09.2025 12:05
  • 2.5k+

Paramount studiýasy şuter žanryndaky meşhur Call of Duty oýnuny ekranlaşdyrmak bilen meşgullanar.

Taslama Paramount bilen oýny işläp düzüji Activision kompaniýasynyň arasynda şertnama baglaşylandan soň resmi taýdan işe girizildi. Sýužet, režissýorlar we aktýorlar barada maglumat entek ýok. Filmiň önümçilik we çykjak möhleti hem yglan edilmedi.
Call of Duty oýny 2003-nji ýylda çykdy we wagtyň geçmegi bilen taryhda iň uly oýun franşizalarynyň birine öwrüldi. Ol bütin dünýäde 500 milliondan gowrak nusga bilen satyldy. Ilkinji bölümler Ikinji jahan urşunyň wakalaryna bagyşlandy, soňky wersiýalar bolsa häzirki wagtda, geljekde, kosmosda we beýleki ýerlerde bolup geçýär.
Paramount-yň ýolbaşçysy Dewid Ellison eýýäm köpden bäri bu oýnuň muşdagydygyny aýtdy. “Men Call of Duty-nyň ilkinji missiýalary we ondan soňky Modern Warfare we Black Ops çykany bäri mydama gowy görýän bu oýnumy oýnap köp wagt geçirdim”.
Activision-yň prezidenti Rob Kostiç hem şertnama teswir berdi: “Biz oýnumyzyň täsirli wakalaryny uly ekrana geçirip biljek ajaýyp hyzmatdaş hökmünde Paramount-y tapdyk. Biz oýnuň wepaly muşdaklarynyň göwnünden turjak we täze muşdaklary ruhlandyrjak ýatdan çykmajak blokbasteri döretmegi maksat edinýäris”.


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......