“Gladiatoryň” režissýory hatda 20 mln dollar üçin “Terminator 3-i” düşürmekden ýüz öwürdi

  • 01.09.2025 17:03
  • 10k+

“Gladiator”, “Keseki” ýaly filmler bilen tanalýan britaniýaly režissýor Ridli Skott işi üçin 20 mln dollar teklip edilse-de, “Terminator 3-i” düşürmekden ýüz öwürdi. Bu barada ol The Guardian bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Skott Arnold Şwarsenegger derejesinde töleg sorandygyny, ýöne prodakşn-kompaniýa razy bolandan soň hem filmiň üstünde işlemek islemändigini düşündirdi. Şeýle-de, ol Bond baradaky filmleri hem hiç haçan düşürmejekdigini belledi.

“Bond baradaky filmiň düýp mazmuny – bu şatlyk we grotesk. “Terminator” – arassa komiks” – diýip, režissýor düşündirdi.

Ol “Terminatoryň” özi düşüren ýagdaýynda hakykata has ýakyn boljakdygyny belledi. “Ine, şonuň üçin maňa Bond baradaky filmi düşürmegi teklip etmediler – men ähli zady bulaşdyrardym” – diýip, režissýor aýtdy.
“Terminator” franşizasyny Jeýms Kemeron döretdi, ol seriýanyň ilkinji iki filmine prodýuserlik hem etdi. Onuň üçünji bölümiň üstünde işlemek meýilnamalary hukugyň ýarysyna eýeçilik edýän kompaniýanyň batmagy sebäpli bozuldy. Netijede, “Terminator 3: Maşynlaryň gozgalaňy” filmini soňky filmden on ýyldan gowrak wagtdan soň Jonatan Mostou düşürdi.
Ridli Skott häzir “Gladiator 3-üň” üstünde işleýändigini we “Kesekiniň” hem prikweliniň bolup biljekdigini aýtdy. Ol “Kesekiniň” dowamy üçin pikir bolsa, ony düşürjekdigini sözüniň üstüne goşdy.
Režissýor “Gladiator 3-de” gürrüňiň “düşen ýerinde bolmak islemedik adam” barada boljakdygyny aýtdy. Eger taslama durmuşa geçirilse, bu onuň filmografiýasynda trikwel boljak ilkinji film bolar, çünki ozal ol diňe sikwel düşürýärdi.


şu gün 09:56
1.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.2k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......