“Ol” filminiň köp bölümli prikweli Hellouiniň öňüsyrasy HBO Max-da çykar

  • 04.09.2025 11:56
  • 2.4k+

“Ol: Derrä hoş geldiňiz” (Оно: Добро пожаловать в Дерри) serialy 26-njy oktýabrda, Hellouiniň öňüsyrasy HBO Max akym hyzmatynda çykar. Bu barada hyzmatyň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berildi.

 Serial Stiwen Kingiň “Ol” romanyna (1986) esaslanýar we “Ol” (2017) hem “Ol 2” (2019) horror filmleriniň prikwelidir. Waka 1962-nji ýylda Men ştatyndaky toslanyp tapylan Derri şäherinde, birinji filmdäki wakalardan 27 ýyl öň bolup geçer we masgarabaz Penniwaýzyň gelip çykyşy hem-de şäheriň elhenç syrlary barada gürrüň berer.
Penniwaýzyň keşbine Bill Skarsgord gaýdyp geler. Aslynda, ol 2023-nji ýylda bu keşbe gaýdyp gelmek islemeýändigini aýdyp, hatda öz ornuny eýelejek aktýora maslahat beripdi. Şeýle-de, seriala Teýlor Peýj, Ýowan Adepo, Kris Çok we Jeýms Remar gatnaşdy.
Birinji bölümiň ssenarisini Jeýson Faç ýazdy. Filmleriň režissýory Endi Musketti hem birnäçe bölüme režissýorlyk etdi. Taslama 2024-nji ýylyň awgustynda düşürilip tamamlandy.
Serial üç möwsümden ybarat bolar diýlip meýilleşdirilýär, olaryň wakasy bolsa dürli taryhy döwürde ýaýbaňlanar: ikinji bölek – 1930-njy ýyllar, üçünjisi XX asyryň başy barada. Goşmaça möwsümleri düşürmek çözgüdi birinjisiniň üstünligine baglylykda kabul ediler.
“Ol” we “Ol 2” filmleri bilelikde prokatda 1,7 mlrd dollardan gowrak ýygnady. 


şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.3k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......