«Awatar 3-iň» täze kadry peýda boldy. Onda öňki ganhor gaýdyp gelýär

  • 27.08.2025 14:29
  • 5.6k+

«Awatar: Ot we kül» (Avatar: Fire And Ash) filminiň premýerasy şu ýylyň iň köp garaşylýan kino wakalarynyň biridir. Jeýms Kemeronyň franşizasynyň üçünji bölüminiň 19-njy dekabrda görkezilmegine garaşylýar. Häzirlikçe döredijiler taslama barada bölekleýin maglumatlary paýlaşýarlar.

Empire žurnalynda çap edilen täze kadr arkaly, öň tulkun awlamak bilen baýlyk toplan deňizçi Mik Skorsbiniň gaýdyp gelýändigi mälim boldy. Brendon Kowell tarapyndan janlandyrylýan bu gahryman esasy antagonistleriň (otrisatel gahrymanlaryň) biri bolar.
Aktýoryň aýtmagyna görä, onuň gahrymany trilogiýanyň üçünji bölüminde goşmaça güýçler bilen gaýdyp gelýär. Kowelliň bellemegine görä, bu gezek Skorsbini pul ýa-da güýmenje däl-de, şahsy duşmançylyk herekete getirdýär: «Mik Skorsbi 2.0 üçin wagt geldi. Ol soňky söweşinde ýeňildi, onuň garşydaşlaryna bolan güýçli ýigrenji bar, şonuň üçin bu gezek gapma-garşylyk onuň üçin şahsy bolup durýar. Bu bolsa aýylganç. Onuň niýetleri bolsa has-da rehimsiz görünýär».
Öňki bölümde gahryman el-aýagynyň birini ýitirdi, emma aktýoryň aýtmagyna görä, ol bu ýagdaýy öz peýdasyna öwrüp biler. «Biz muny hemmämiz başdan geçirdik, şeýle dälmi?» — diýip, aktýor aýtdy.
Trilogiýanyň üçünji filmi «Awatar: Suwuň ýoly» atly eseriň dowamydyr. Kemeron bolsa, hut üçünji bölümden başlap, wakalaryň iň gyzykly nokadyna ýetjekdigini aýdýar. Onuň pikiriçe, ilkinji iki film esasy wakanyň diňe giriş we başlangyç bölegi. Täze filmde «ot milleti» diýlip atlandyrylýan, ýaşaýşy ot bilen bagly täze na’wi taýpasy peýda bolar.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......