“Rokkiniň” döredilişi barada film düşüriler. Ýaş Stalloneniniň keşbini Entoni Ippolito oýnar

  • 03.09.2025 13:08
  • 6.2k+

Aktýor Entoni Ippolito “Rokkiniň” döredilişi baradaky filmde Silwestr Stalloneniň keşbini ýerine ýetirer. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär.

Ippolitonyň özi taslama barada bilen badyna prodýuserlere diňlenişikden ýazgy iberdi. Amazon-yň wekilleri hem bu ädimiň aktýora filmiň öňe sürýän tutanýerliligini görkezýän roly almaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

“Men Rokkini janlandyrýaryn” filmi 1976-njy ýylda kino taryhynda iň meşhur sport dramalarynyň birine öwrülen film üçin ssenarini döreden ýaş Silwestr Stallone barada gürrüň berer. Onuň pikiri uly studiýanyň ünsüni özüne çekdi, ýöne ýüzüniň bir bölegi ysmaz bolan we sözleýiş kemçiligi bolan Stallone, eger baş keşbi almasa, ssenariý üçin hukugy satmakdan ýüz öwürdi. Ahyrynda film ýylyň iň girdejili taslamasy boldy we üç “Oskar”, şol sanda iň gowy film üçin baýrak aldy.

Ippolito Golliwudyň perde aňyrsyndaky wakalarynyň ekranlaşdyrmasyna ilkinji gezek gatnaşanok. Ozal ol “Çokundyran ata” filminiň döredilmegine bagyşlanan “Teklip” (Предложение) mini-serialynda Al Paçinonyň keşbini ýerine ýetirdi.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......