“Ýyldyz söweşlerinden” Dart Weýderiň lazer gylyjy 3,65 mln dollara satyldy

  • 08.09.2025 16:25
  • 3.9k+

“Ýyldyz söweşleri” trilogiýasyndan Dart Weýderiň gyzyl şöhle gylyjy Propstore auksionynda 3,654 mln dollara satyldy. Bu barada ABC News habar berýär.

Bu franşizadan häzire çenli satuwa çykarylan iň gymmat rekwizit predmeti boldy.


Gylyç “Ýyldyz söweşleri: Imperiýa jogap urgusyny berýär” (Звёздные войны: Империя наносит ответный удар, 1980) we “Ýyldyz söweşleri: Jedaýyň gaýdyp gelmegi” (Звёздные войны: Возвращение джедая, 1983) filmlerinde, şol sanda sitleriň lordy Lýuk Skaýuokere özüniň onuň kakasydygyny aýdan we onuň eliňi çapan sahnasynda ulanyldy. Gylyjyň ýüzünde filmiň düşürilişinde galdyrylan yzlar: boýagyň gopan ýerleri, sypjyryklar we jaýryklar bar.
Gylyjyň başlangyç bahasy 500 müň dollar boldy. Hünärmenler ony 1 – 3 mln dollar aralygynda bahalandyrdy. Söwdanyň ýeňijisi 2,9 mln dollar teklip etdi, ýöne auksion öýüniň komissiýasyny göz öňünde tutup, ahyrky baha 3,654 mln dollara ýetdi.
Şeýle-de, auksionda 126 müň dollara prikwellerden Enakin Skaýuokeriň şöhle gylyjy, 476 650 dollara Indina Jonsuň gamçysy we guşagy hem-de 403 200 dollara “Ýyldyz ýoly: indiki nesil” serialyndan kapitan Žan-Lýuk Pikaryň fleýtasy satyldy. 


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......