“Mortal Kombat 2” gijräk çykar – studiýa premýeranyň täze senesini aýtdy

  • 03.09.2025 13:10
  • 3.4k+

Warner Bros. studiýasy “Mortal Kombat 2” filminiň premýerasynyň yza süýşürilendigini habar berdi. Meşhur oýunlaryň esasynda döredilen film 24-nji oktýabrda çykmalydy, ýöne indi reliz 2026-njy ýylyň 15-nji maýynda bolar.

Deadline neşiriniň habar bermegine görä, möhletiň üýtgedilmegi tomaşaçylar tarapyndan gyzyklanmanyň ýokary bolmagy bilen baglanyşykly bolsa gerek – filmiň diňe treýleriniň özi 107 mln töweregi tomaşa ýygnady. Warner Bros. filmi bäsdeşligiň az bolan döwrüne süýşürmek kararyna geldi, goşmaça wagty režissýorlar effektleri kämilleşdirmäge sarp eder.
Täze bölümde Ýer şalygynyň çempionlary ýene-de biri-birine garşy çykar. Olara belli söweşiji we golliwud filmleriniň ýyldyzy Jonni Keýj hem goşular. Gahrymanlar bilelikde Şao Kanyň garaňky güýçlerine garşy durar.
Geljekki filmde baş keşpleri Karl Urban (“Ýigitler”), Lýuis Tan (“Dedpul we Rosomaha”), Hiroýuki Sanada (“Sýogun”), Jessika Maknemi (“Pianino”) we beýleki aktýorlar ýerine ýetirer. Režissýor hökmünde birinji bölümi düşüren Saýmon Makkuoýd çykyş etdi. 


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......