Jeýms Gannyň “Supermen” filmi Warner Bros. kompaniýasyna $125 mln getirdi

  • 10.09.2025 10:15
  • 4.4k+

Jeýms Gannyň “Supermen” filmi 2025-nji ýylda Warner Bros. kompaniýasynyň iň üstünlikli taslamasy boldy. Ol prokatda, takmynan, 614 mln dollar ýygnady diýip, Variety neşiri habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, filmiň arassa girdejisi, takmynan, 125 mln dollar boldy – bu mukdar merçendaýzdan we beýleki degişli şertnamalardan gelen girdejileri öz içine almaýar, şonuň üçin filmiň umumy girdejisi ondan hem ýokarydyr.
“Supermenden” başga-da, 2025-nji ýylda studiýanyň “Günäliler” (Грешники, $60 mln), “Ýaraglar” (Орудия, takmynan, $65 mln) we “Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” horrorlary (Пункт назначения: Узы крови, $75 mln) çykdajylary ödedi.
Häzirki wagtda Jeýms Gann “Supermen: Ertiriň adamy” filminiň üstünde işleýär. Ol 2027-nji ýylyň iýulynda çykar we supergahrymanyň hem onuň ýakynlarynyň hekaýatyny dowam etdirer. 2026-njy ýylyň iýunynda Supermeniň gyz dogany barada “Supergýorl” filminiň çykmagy meýilleşdirýär. Onda baş keşbi Milli Olkok ýerine ýetirer.


şu gün 09:56
1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.2k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......