Ledi Gaga we Tim Býorton “Uensdeý” üçin döredilen aýdymyň wideosyny çykardy

  • 06.09.2025 17:32
  • 7.7k+

Aýdymçy Ledi Gaga “The Dead Dance” aýdymy üçin klip çykardy, ol režissýor Tim Býorton tarapyndan düşürildi. Bu kompozisiýa “Uensdeý” serialynyň ikinji möwsüminiň saundtregine girdi.

Wideoda Gaga diwarda bäbek gurjaklaryň arasynda dur we tans edip başlaýar. Oňa maskaly tansçylar hem goşulýar, gurjaklar bolsa aýdyma görä kellelerini yrgyldadýar.
Wideo baradaky maglumat iýulyň başynda peýda boldy, şol wagt KHBS aýdymçynyň Mehikonyň günortasyndaky Gurjaklaryň adasynda Býorton bilen bilelikde wideo düşürýändigini habar berdi. Ledi Gaga taslamada rolunyň kiçidigine garamazdan, “Uensdeýiň” ikinji möwsüminiň üstünde işlemekden lezzet alandygyny aýtdy. Ol Býorton, Jenna we toparyň beýleki agzalary bilen işlemegiň ýakymlydygyny sözüniň üstüne goşdy.
“Uensdeýiň” ikinji möwsüminde Gaga Rozalin Rotwud atly mugallymyň keşbini ýerine ýetirýär. Möwsüminiň birinji böleginiň premýerasy 6-njy awgustda, ikinjisi 3-nji sentýabrda boldy. 


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......