“Hakyky detektiw” filminiň bäşinji möwsüminde Nikolas Keýj baş keşbi alar

  • 25.08.2025 12:46
  • 1.8k+

“Oskar” we “Altyn globus” baýraklarynyň eýesi Nikolas Keýj “Hakyky detektiw” (Настоящий детектив) atly meşhur serialyň bäşinji möwsüminde baş keşbi ýerine ýetirmek barada gepleşikleri geçirýär. Bu barada Deadline habar berýär.

Täze möwsümiň wakasy Nýu-Ýork ştatynyň Long-Aýlend şäherinde ýaýbaňlanar. Keýj täze işi derňeýän polisiýa ofiseri Genri Loganyň keşbini ýerine ýetirer. Möwsümiň döredijisi ozal “Gijeleriň ýurdy” atly dördünji möwsümiň üstünde işlän Issa Lopes bolar.
Möwsüm 2026-njy ýylda düşürilip başlanar, premýera bolsa 2027-nji ýylda HBO kanalynda meýilleşdirilýär.
“Hakyky detektiwiň” her möwsümi täze sýužet we gahrymanlar bilen aýratyn wakany gürrüň berýär. Birinji möwsüm baş keşpleri ýerine ýetiren Mettýu Makkonahiniň we Wudi Harrelsonyň kömegi bilen giňden ykrar edildi. Ikinji möwsümde baş keşpleri Kolin Farrell, Wins Won we Reýçel MakAdams, üçünji möwsümde Maherşala Ali we Stiwen Dorff, dördünji möwsümde Jodi Foster ýerine ýetirdi. Serial atmosferasy, dramatizmi we gahrymanlary üçin tankytçylaryň ýokary bahalaryny aldy. Ilkinji üç möwsümiň şouranneri Nik Pissolatto boldy.


şu gün 09:56
1.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.2k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......