“Keý-pop melgun awçylary” multfilmi tomaşa sany boýunça “Kalmar oýnundan” öňe geçdi

  • 04.09.2025 19:36
  • 3.4k+

“Keý-pop melgun awçylary” (KPop Demon Hunters, 2025) animasion filmi tomaşa sany boýunça “Kalmar oýny” serialynyň birinji möwsüminden öňe geçdi. Muny Netflix akym hyzmatynyň taslamalaryna bagyşlanan Tudum portalynyň maglumatlary delillendirýär.

Al-arwahlar bilen göreşýän günorta koreýaly aýdymçylar baradaky multfilm 266 mln tomaşa ýygnady. “Kalmar oýnunyň” birinji möwsümi 265,2 mln tomaşa, “Uensdeý” serialynyň birinji möwsümi bolsa 252,1 mln tomaşa ýygnapdy. Ozal “Kalmar oýny” platformanyň iňlis dilinde düşürilmedik iň meşhur taslamasy hasaplanýardy.
Yonhap agentligi relizden soň 91 günüň dowamyndaky tomaşa sanynyň hasaba alynýandygyny belleýär. “Keý-pop melgun awçylarynyň” premýerasy 20-nji iýunda boldy we filmiň heniz tomaşa sanyny hasaba almak üçin hatda ýene iki hepdesi bar.
Mundan öň film Netflix-iň taryhynda iň meşhur filmleriň sanawynda birinji orny eýeläpdi. Multfilmden “Golden” aýdymy Billboard Hot 100 çartynda birinji orny aldy, saundtrekden beýleki kompozisiýalar hem ilkinji onluga girdi.
Sýužetiň merkezinde HUNTR/X keý-pop gyzlar topary durýar, onuň aýdym-sazy bolsa dünýäni al-arwahlardan goramaga kömek edýär. Olara Saja Boys oglanlar topary garşy çykýar. Film häzirkizaman we däp bolan koreý medeniýetini utgaşdyrýar.
Multfilmiň meşhurlygyna Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon hem üns berdi, ol Arirang TV-däki teleprogrammada döredijiler bilen duşuşdy. Režissýor Meggi Kan metbugat maslahatynda öz taryhy watanynyň medeniýetini ýaýratmak isländigini, sýužetiň konsepsiýasynyň bolsa koreý porhanlygyna esaslanandygyny gürrüň berdi. Ol aýdym-sazyň we tansyň kömegi bilen erbet ruhlary ýeňmek pikiriniň koreý medeniýetiniň bir bölegidigini we koreý adatlarynda porhanlaryň köpüsiniň zenanlardygyny belledi.


düýn 18:02
2.9k+

Ýapon blokbasteri «Godzilla: Minus nol» filminiň ilkinji tizeri çykdy

Internetde «Godzilla: Minus nol» filminiň resmi tizeri peýda boldy. Bu film 2023-nji ýyldaky uly meşhurlyk gazanan blokbasteriň göni dowamy bolup, ol şu ýylyň noýabr aýynda halkara prokatyna çykmaga......

düýn 16:01
2.1k+

Jeki Çan Italiýada görkeziljek «Turandot» operasynyň režissýory bolar

Dünýä belli aktýor Jeki Çan öz döredijilik ýolunda özüni ilkinji gezek opera režissýory hökmünde synap görýär. Onuň sahnalaşdyrýan meşhur «Turandot» operasy Italiýada geçiriljek 72-nji Puççini festiwalynda......

15.04.2026 19:42
1.8k+

WSJ: Disney müňlerçe işgärini işden çykarmagy meýilleşdirýär

Disney kompaniýasy işgärleriň sanyny köpçülikleýin azaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada «The Wall Street Journal» neşiri habar berýär....

15.04.2026 15:38
2.9k+

“Ýyldyz söweşleri” filmindäki Boba Fettiň heýkeljigi 1,3 million dollara satyldy

1979-njy ýylda çykan "Ýyldyz söweşleri" filmindäki Boba Fettiň heýkeljigi ABŞ-daky Goldin Auctions auksionynda 1,3 million dollara satyldy. Indi ol franşiza boýunça döredilen we auksionda satylan iň gymmat......