Jeýms Gann “Supermeniň” dowamynyň adyny we çykjak senesini aýtdy

  • 07.09.2025 19:38
  • 2.4k+

“Supermeniň” dowamy “Ertiriň adamy” goşmaça adyna eýe boldy we 2027-nji ýylyň iýulynda çykar. Bu barada režissýor we DC Films-iň egindeş başlygy Jeýms Gann sosial ulgamlarda habar berdi.

Ol habara Supermeniň söweş kostýumyndaky Leks Lýutoryň ýanynda duran komiks suratyny goşdy. Bu filmde Lýutoryň Polat adam bilen gapma-garşylygynyň dowam etjekdigini görkezýär. Komikslerde duşman öz güýjüni supergahryman bilen deňleşdirmek üçin kostýum döredýär. Gannyň geçenki filminde Lýutor Supermeniň klonyny ulanmaga synanyşdy, ýöne onuň meýilnamalary başa barmady.
Gann filmiň dowamynyň üstünde işlejekdigi barada iýulyň ahyrynda habar berdi, awgustda bolsa filmiň konsepsiýasyny düzendigini we ony düşürmäge taýýarlanyp başlandygyny aýtdy.
Birinji bölüm 8-nji iýulda halkara prokata çykdy we 611 mln dollardan gowrak ýygnap, ýylyň iň girdejili supergahrymanlyk filmi boldy. Onda Dewid Korenswet (Supermen), Nikolas Holt (Leks Lýutor), Izabela Mersed (Gyrgy gyz), Natan Fillion (Ýaşyl Fonar), Pruitt Teýlor Wins (Jonatan Kent) we beýlekiler oýnady.
Studiýanyň meýilnamalaryna görä, 2026-njy ýylda DC älemi boýunça ýene iki film – “Supergýorl” we “Palçykýüz” çykmaly.


şu gün 09:56
1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
897

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.1k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......