Netflix “Kalmar oýnunyň” we “Sýogunyň” stilinde samuraýlar baradaky serialyň tizerini görkezdi

  • 11.09.2025 06:32
  • 4.6k+

Netflix akym hyzmaty “Samuraýlaryň soňkusy” (Last Samurai Standing) ýapon serialynyň ilkinji tizerini hödürledi. Ilkinji iki bölümiň premýerasy 2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Pusandaky 30-njy halkara kinofestiwalynda bolar, alty bölümiň ählisi 13-nji noýabrda platformada çykar.

Sýužet XIX asyryň ahyrynda, Meýdzi döwründe ýaýbaňlanýar. 292 samuraý 100 mlrd ýena pul baýragy üçin ýaryşa gatnaşýar.
Waka Sýogo Imamuranyň “Hikuidori” romanyna we adybir ýapon mangasyna esaslanýar.
Serialda baş keşbi ýapon kinosynyň ýyldyzy Dzýuniti Okada ýerine ýetirdi. Ol prodýuser we söweş sahnalarynyň horeografy hökmünde-de çykyş etdi.

“Haçan-da gürrüň samuraýlar barada bolanda, adamlar Ýaponiýanyň taryhynda gahrymançylykly döwri göz öňüne getirýär. Ýöne Edo döwrüniň ahyryna çenli samuraýlar öňki şöhratyny we güýjüni ýitirdi. “Last Samurai Standing” Ýaponiýada iň güýçli we ussat söweşijileriň birden adaty adama öwrülip, öz ýaşaýşy üçin göreşmeli bolsa, nämäniň boljakdygyny öwrenýär. “Sýogun” bilen “Kalmar oýnunyň” garyşygyny göz öňüne getiriň” – diýip, Netflix Japan-yň kontent müdiriniň ýolbaşçysy Kaata Sakamoto belleýär.  


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....