Disney “Buz eýýamy 6-nyň” çykjak senesini yglan etdi

  • 03.09.2025 13:15
  • 2.7k+

Orlandoda geçirilen Destination D23 çäresinde Disney-iň prodýuserleri “Buz eýýamy: Gaýnama nokady” multfilminiň ilkinji görkeziljek senesini yglan etdiler. Film 2027-nji ýylyň 5-nji fewralynda görkeziler diýip, Variety habar berýär.

Baş gahrymanlar ýene-de mamont Menni, ýalta Sid, gylyç dişli gaplaň Diego, mamont Elli we belka Skrat bolar. Resmi düşündirişe görä, gahrymanlar Ýirilen dünýäde "dinozawrlardan we lawalardan doly" täze başdangeçirmeleri başdan geçirerler.
Ses bermeklige öňki bölümlerden tomaşaçylara tanyş bolan aktýorlar: Saýmon Pegg, Reý Romano, Jon Leguizamo, Kuin Latifa we Deni Liri dagy gatnaşar. Film ilkibaşda 2026-njy ýylda Roždestwo güni goýberilmegi meýilleşdirilipdi.
“Buz eýýamy: Gaýnama nokady” seriýanyň altynjy doly metražly bölegi we Disneý franşizany döreden studiýa Blue Sky-y alandan soň çykan ilkinji film bolar.
Animasiýa seriýasynyň birinji bölümi 2002-nji ýylda çykypdy we dünýäde 383,3 million dollar girdeji gazanypdy. Umuman alanyňda, franşizanyň çäklerinde 6 sany doly metražly film (2022-nji ýylda döredilen “Bakyň başdan geçirmeleri” spin-off-yny nazarda tutmak bilen) we 7 gysga metražly film (olaryň biri iki bölekde goýberildi), birnäçe wideo oýunlary we 10-a golaý dürli kitap we komiksler çykaryldy. Meşhur franşizanyň esasynda 2016-njy ýylda 20th Century Fox World -yň çäklerinde Malaýziýada tematiki seýilgäh açyldy.


düýn 10:41
1.4k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....