2.6k+

Supermen baradaky ilkinji komiks rekord 9,12 mln dollara satyldy

1939-njy ýylda çykan “Supermen” komiksiniň ilkinji sanynyň asyl nusgasy auksionda 9,12 mln dollara satyldy. NBC News-iň habar bermegine görä, bu komiks bazary üçin hakyky rekord boldy. Uzak wagtlap bu nusga ýitirilen diýlip hasaplanypdy: ol köp ýyllap Demirgazyk Kaliforniýadaky bir öýüň üçeginde gutuda saklanypdyr...

3.6k+

Paramount “Nindzýa pyşbagalar” barada täze film düşürer

Paramount “Nindzýa pyşbagalar” franşizasy boýunça janly aktýorlaryň gatnaşmagynda täze film çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Studiýa bu işe “Forsaž” we “Sonik kinoda” filmleri boýunça tanalýan prodýuser Nil H...

3.8k+

Luwr muzeýinde ýakynda bolup geçen talaňçylyk barada film düşüriler

Amerikaly prodýuser R.J. Katler we fransiýaly režissýor Loran Buzero ýakynda Luwrda bolup geçen ogurlyk barada dokumental film döretmäge girişdi. Bu barada Hollywood Reporter habar berýär. Neşir filmiň ogurlygyň özüne we oňa gatnaşan adamlaryň gözlegine bagyşlanjakdygyny belleýär...

4.1k+

Collider geçen asyryň iň gorkunç filmleriniň ilkinji onlugyny hödürledi

Collider žurnaly XX asyrda düşürilen nägehanlar baradaky iň gorkunç on filmiň reýtingini taýýarlady. Žurnalist Jeremi Urkhartyň makalasynda nägehanlar baradaky her bir filmiň horror žanryna degişli däldigi, ýöne saýlanan filmleriň howsala we howp duýgusyny güýçli döredýändigi, şol sebäpli onlarça ýyllardan soň hem ýörgünli bolup galýandygy aýdylýar...

3k+

Norwegiýa dramasy Ýewropa kinoakademiýasynyň baýragyna dalaş etmek boýunça öňdebaryjy boldy

Norwegiýanyň “Duýgy gymmatlygy” dramasy Ýewropa kinoakademiýasynyň baýragy üçin iň köp dalaşgär görkezilen film boldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Ýoakim Trieriň (“Dünýäde iň ýaramaz adam”) filmi “iň gowy ýewropa filmi”, “režissýor”, “ssenariçi”, şeýle-de “aktýor” (Stellan Skarsgard) we “aktrisa” (Renate Reinswe) kategoriýalarynda baýrak üçin göreşer...

3k+

“Awatar: Ot we kül” filminiň ahyrky treýleri çykdy

Disney “Awatar: Ot we kül” (Avatar: Fire and Ash) blokbasteriniň ahyrky treýlerini hödürledi. Jeýms Kemeronyň epiki franşizasynyň üçünji bölümi 19-njy dekabrda dünýä prokatyna çykar. Täze filmde Jeýk Salli (Sem Uortington) we onuň maşgalasy Pandorada ýaşaýan Kül halky bilen ýüzbe-ýüz bolar...

3.2k+

Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistanyň kino günleri geçirildi

Daşkentde Milli Kino köşgünde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň ylmy hem medeni toparlarynyň wekilleriniň, sungat işgärleriniň we ýaş ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa ruhy miras we aň-bilim» atly halkara kongresiň çäginde türkmen we özbek filmleriniň görkezilişi bolup geçdi...

2.2k+

“Garri Potteriň” ýyldyzy Alan Rikmanyň şahsy goşlary auksiona çykarylar

“Garri Potterden” Sewerus Sneýpiň keşbi bilen has tanalýan aktýor Alan Rikmanyň şahsy goşlary Londondaky Propstore auksionyna çykarylar. The Guardian neşiri olaryň arasynda “Ýanbermez” (Крепкий орешек) we “Garri Potter” filmleriniň ssenarileriniň hem bardygyny habar berýär...

1.8k+

“Astral-6” filmi düşürilip tamamlandy: ol 2026-njy ýylyň awgustynda ekrana çykar

“Astral-6” filminiň düşürilişi tamamlandy. Bu barada režissýor Jeýkob Çeýz sosial ulgamlarda habar berip, aktýorlar düzümine we düşüriji topara bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Sýužet barada maglumatlar entek gizlin saklanýar, ýöne bu gezek wakanyň üns merkezinde arwahdyr jynlary öwreniji Elis Raýneriň boljakdygy belli...

2.6k+

"Melgun Prada geýýär" filminiň dowamynyň tizer treýleri çykdy

20th Century Studios-yň YouTube kanalynda “Melgun Prada geýýär 2” filminiň ilkinji tizer treýleri çykdy. Filmiň kinoteatrlardaky görkezilişi 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna meýilleşdirilýär. Täze film Dewid Frenkeliň meşhur komediýasynyň dowamy bolar...

1.5k+

“Super Mario” multfilminiň dowamynyň treýleri çykdy

Nintendo-nyň resmi YouTube kanalynda "Doganlar Super Mariolar Galaktikada" (The Super Mario Galaxy Movie) multfilminiň treýleri çykdy. Meşhur animasiýa blokbasteriniň dowamy 2026-njy ýylyň aprelinde çykar. Film 2007-nji ýylda Wii konsolynda çykan Super Mario Galaxy wideo oýnunyň motiwlerine esaslanýar...

1.1k+

Pixar “Oýunjaklaryň taryhy 5-iň” ilkinji tizer-treýlerini çykardy

Pixar studiýasynyň resmi YouTube-kanalynda “Oýunjaklaryň taryhy 5” multfilminiň ilkinji tizer-treýleri goýberildi. Film 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda dünýä derejesinde çykarylar. Gysga rolikde tomaşaçylara täze gahryman - Lilipad atly planşet hödürlendi...

2.7k+

Stiwen Kingiň “Ylgaýan adam” romanynyň ekranlaşdyrmasy dünýä prokatyna çykdy

14-nji noýabrda Stiwen Kingiň “Ylgaýan adam” (Бегущий человек) romany boýunça düşürilen adybir filmiň global premýerasy boldy. Film eýýäm ABŞ-da, Kanadada we başga birnäçe ýurtda görkezilýär. Filmiň sýužeti antiutopik totalitar ABŞ-da ýaşaýan Benjamin Riçards barada gürrüň berýär...

1.1k+

Disney ulanyjylar üçin emeli aň kontentini döretmek funksiýasyny taýýarlaýar

Disney wideo döretmek üçin öz neýroulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Ol Disney+ ulanyjylaryna kontent döretmek mümkinçiligini berer. Bu barada korporasiýanyň ýolbaşçysy Bob Aýger maliýe ýylynyň jemi boýunça konferensiýa jaňynda habar berdi diýip, The Hollywood Reporter belleýär...

2.7k+

Netflix “Awataryň” ikinji möwsümi çykmanka üçünjisini düşürip tamamlady

Netflix “Awatar: Aang hakynda rowaýat” (Аватар: Легенда об Аанге) serialynyň üçünji möwsümini düşürmek işleriniň tamamlanandygyny mälim etdi. Işler maý aýynyň ahyrynda başlady we alty aý töweregi dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde, üçünji möwsüm 2026-njy ýylyň başynda çykjak ikinji möwsüm bilen ugurdaş düşürildi...

1.5k+

“V – diýmek Wendetta” seriala öwrüler

HBO we Warner Bros. Television “V – diýmek Wendetta” (V — значит Вендетта) antiutopik trillerine esaslanýan serialyň üstünde işleýär. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Serial üçin ssenarini Pit Jekson ýazar...

3.8k+

Frensis Ford Koppola "Megalopolis" filmi şowsuz çykandan soň adasyny satdy

"Çokundyran atanyň" režissýory Frensis Ford Koppola "Megalopolis" epiki filmi çykdajylaryny ödemänden soň Belizedäki Coral Caye adasyny 1,8 million dollara satdy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Koppola filmi döretmek üçin öz jübüsinden 120 million dollar çykardy, şol sanda çakyr önümlerini satmakdan alan girdejisini hem sarp etdi...

4k+

“Alaň 3” filminiň surata düşürilişi tamamlandy

Internetde “Alaň” franşizasynyň üçünji bölüminiň surata düşüriliş işleriniň tamamlanandygy barada habar berildi. Film 2026-njy ýylyň 18-nji dekabrynda kinoteatrlarda görkeziler. Baş keşplerde ýene-de Timoti Şalame, Zendeýa, Florens Pýu, Joş Brolin, Anýa Teýlor-Joý we beýleki aktýorlar çykyş ederler...

3.2k+

Britaniýaly aýdymçy Adel ilkinji gezek kinoda surata düşer

Britaniýaly aýdymçy Adel ilkinji gezek kinoda surata düşer. Ol režissýor we prodýuser Tom Forduň “Asmana bakyp ýygla” filminde baş keşpleriň birini ýerine ýetirer diýip, Variety habar berýär. Film Enn Raýsyň 1982-nji ýyldaky adybir romany esasynda surata düşüriler...

1.2k+

Apple TV zastawkasyny täzeledi – onuň sazyny Finneas ýazdy

Amerikaly aýdymçy we kompozitor Finneas Apple TV akym platformasy üçin täze gysga saz zastawkasyny ýazdy. Indi bu intro hyzmatdaky ähli film we seriallaryň öňünde peýda bolýar diýip, Deadline gürrüň berýär. Finneas bu taslama gatnaşmagyň özi üçin uly hormat bolandygyny aýtdy: «Men bu işi etmek mümkinçiligine örän begenýärin...

6.3k+

«Moana» filminiň kinoremeýkiniň surata düşüriliş işleri tamamlandy

Meşhur «Moana» multfilminiň çeper film görnüşindäki oýun remeýkiniň surata düşürilişi doly tamamlandy. Bu barada filmde Maui ýarym hudaýyň keşbini janlandyrýan aktýor Dueýn Jonson habar berdi. Filmiň taýýarlyk işleri 2024-nji ýylyň noýabr aýynda başlandy...

2.2k+

Entoni Hopkins alym Çarlz Darwiniň keşbini ýerine ýetirer

Ser Entoni Hopkins “Görnüşler” (The Species) atly täze taryhy dramada meşhur tebigatçy alym Çarlz Darwiniň keşbini ýerine ýetirer diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Darwiniň aýaly Emma Darwiniň keşbini britaniýaly aktýor Şarlotta Rempling ýerine ýetirer...

8.7k+

Maýkl Jekson barada biografik filmiň ilkinji tizeri çykdy

Lionsgate kinokompaniýasy pop sazynyň şasy Maýkl Jeksonyň durmuşyna we döredijiligine bagyşlanan köpden bäri garaşylan biografik filmiň ilkinji tizerini hödürledi. “Maýkl” filminiň premýerasy 2026-njy ýylyň 24-nji apreline meýilleşdirilýär...

3.6k+

“Godzilla: Minus bir” filminiň dowamy “Godzilla: Minus nol” adyny alar

Resmi Godzilla Official by Toho YouTube kanalynda “Godzilla: Minus bir” filminiň dowamynyň ilkinji tizeri çykdy. Täze bölüm “Godzilla: Minus nol” adyny aldy. Režissýor, ssenariçi we wizual effektler boýunça ýolbaşçy ýene-de birinji filmi döreden Takasi Ýamadzaki bolar...

4.6k+

Freddi Krýuger Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy

“Garagaç köçesindäki elhençlik” (Кошмар на улице Вязов) filmlerinde Freddi Krýugeriň keşbi boýunça tanalýan aktýor Robert Inglund Golliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyz aldy. Dabara 31-nji oktýabrda, Hellouiniň öňüsyrasy geçirildi diýip, People habar berýär...