Critics Choice Awards 2026 baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: iň gowy filmler we seriallar

  • 07.01.2026 10:31
  • 3.7k+

Pol Tomas Andersonyň Leonardo Di Kaprionyň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki «Bir söweşden soň beýleki» filmi 31-nji Critics Choice Awards dabarasynda iň gowy film diýlip ykrar edildi. Film režissýorlyk we adaptirlenen ssenariý üçin hem baýrak aldy diýip, Variety neşiri habar berýär.

Baýrak her ýyl «Tankytçylaryň saýlany» assosiasiýasy tarapyndan berilýär. Bu baýrak «Oskar» üçin dalaşgärleriň has takyk görkezijisi hasaplanýar.
Bu ýylky dabaranyň iň täsirli ýeri, tankytçylaryň Di Kapriony ünsden düşürip, iň gowy erkek keşbi üçin baýragy «Marti Beýik» filmi üçin Timoti Şalamä bermegi boldy. Iň gowy zenan keşbi üçin heýkeli Jessi Bakli («Hamnet») aldy.
Baýragyň umumy sany boýunça öňdebaryjylar Raýan Kugleriň «Günäliler» we Gilýermo del Toronyň «Frankenşteýn» filmleri boldy – olaryň her biri, esasan, tehniki kategoriýalarda dört baýrak aldy.
«Frankenşteýn» filminde nägehanyň keşbini ýerine ýetiren Jeýkob Elordi ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi üçin baýrak aldy. Bu film hudožnik-ýola goýujylaryň işi, saç bezegi, grim we kostýum üçin hem tapawutlandy.
«Günäliler» filmi original ssenariý, aktýorlar düzümi we aýdym-saz toplumy ýaly kategoriýalarda ýeňiş gazandy. Baş keşbi ýerine ýetiriji Maýlz Keýton iň gowy ýaş aktýor diýlip ykrar edildi.
Esasy kategoriýalarda Critics Choice Awards 2026-nyň ýeňijileri:

  • Iň gowy film — «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой)
  • Iň gowy režissýor — Pol Tomas Anderson, «Bir söweşden soň beýleki»
  • Iň gowy aktýor — Timoti Şalame, «Marti Beýik» (Марти Великолепный)
  • Iň gowy aktrisa – Jessi Bakli, «Hamnet» (Хамнет)
  • Ikinji plandaky iň gowy aktýor — Jeýkob Elordi, «Frankenşteýn»
  • Ikinji plandaky iň gowy aktrisa — Emi Medigan, «Ýaraglar» (Орудия)
  • Iň gowy original ssenariý — «Günäliler» (Грешники)
  • Iň gowy adaptirlenen ssenariý — «Bir söweşden soň beýleki»
  • Iň gowy animasion film — «Keý-pop melgun awçylary» (Кей-поп-охотницы на демонов)
  • Iň gowy komediýa — «Ýalaňaç sapança» (Голый пистолет)
  • Daşary ýurt dilinde iň gowy film — «Gizlin agent» (Секретный агент)
  • Iň gowy drama serialy — «Pitt»
  • Iň gowy komediýa serialy — «Kinostudiýa»
  • Iň gowy mini-serial — «Ýetginjeklik döwri» (Переходный возраст)
  • Daşary ýurt dilinde iň gowy serial — «Kalmar oýny» (Игра в кальмара)

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....