«Gaty geň zatlar» Netflix-iň taryhynda iň meşhur serial boldy

  • 03.01.2026 23:55
  • 5.3k+

«Gaty geň zatlar» (Очень странные дела) serialy 1,2 mlrd tomaşa görkezijisinden geçip, Netflix-iň taryhynda iň köp tomaşa edilen taslama boldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

26-njy noýabrda görkezilip başlanan we 31-nji dekabrda tamamlanan bäşinji (jemleýji) möwsüm rekord netijeleri görkezdi. Ilkinji 25 günde täze bölümlere 102,6 mln gezek tomaşa edildi. Serial statistikanyň ýöredilýän 93 ýurdunyň 90-ysynda Netflix-iň iň meşhur taslamasy boldy. Mundan başga-da, bu bir wagtda bäş möwsüminiň ählisi global top-10-da saklanan ilkinji serial boldy. 2022-nji ýylda çykan dördünji möwsüm häzirem Netflix-iň iňlis dilindäki iň meşhur taslamalarynyň arasynda ikinji orny eýeleýär.
Şeýle-de, «Gaty geň zatlar» köpçülikleýin medeniýete uly täsir etdi. Serial geçen onýyllyklaryň aýdym-sazyna ünsi çekdi: ilkinji gezek dördünji möwsümde ýaňlanan Keýt Buşuň «Running Up That Hill» aýdymy şondan soň ABŞ-da iň meşhur aýdym-sazlaryň onlugyna girdi.
Mundan başga-da, Eggo waflisiniň satuwy we Dungeons & Dragons stol oýnunyň meşhurlygy artdy.
Serialyň önümçiligi ABŞ-da 8 müňden gowrak iş ornuny üpjün edip, milli JIÖ-e 1,4 mlrd dollar goşdy.
Iki sagatlyk ahyrky bölüm Täze ýylyň öňüsyrasynda çykdy we uly gyzyklanma döretdi. Premýera wagty dünýädäki ulanyjylaryň köpüsi tehniki bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz boldy.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....