Netflix “Gara aýna” serialyny sekizinji möwsüme uzaltdy

  • 13.01.2026 13:58
  • 2.1k+

Netflix platformasy meşhur “Gara aýna” (Black Mirror) antologiýa serialynyň sekizinji möwsüminiň düşüriljekdigini tassyklady. Bu barada taslamanyň döredijisi Çarli Bruker Netflix Tudum neşirine beren interwýusynda mälim etdi diýip, Variety habar berýär.

Serialyň şou rannery (baş awtory) eýýäm täze bölümleriň ssenarileriniň üstünde işläp başlandygyny aýtdy.

"Men "Gara aýna" serialynyň hakykatyň oňa ýetip biljek wagtynda dolanyp geljekdigini tassyklap bilerin. Şonuň üçin bu örän tolgundyryjy. Beýnimiň şol ideýalar üçin jogap berýän bölegi eýýäm işjeňleşdi we doly güýjünde işleýär" — diýip, Bruker belledi.

Täze epizodlar barada jikme-jik maglumat bermedik Bruker, döredijilik prosesini aýdym-saz albomyny ýazgy etmek bilen deňeşdirdi:

"Täze wakanyň üstünde işleýän wagtyňyz, bu peýdaly pikir synagydyr. Men köplenç şeýle pikir edýärin: 'Biz heniz näme etmedik we men nähili ruhy ýagdaýy gözleýärin? Bu aýdym albomyň niresinde ýerleşer we haýsy saz ugruna tarap gideris?' Göreris. 'Gara aýna' serialynda şadyýan oba oturylyşygyny (kanteri-party) görmegiňiz gaty mümkin däl" — diýip, şounyň döredijisi nygtady.

“Gara aýna” serialynyň ýedinji möwsümi 2025-nji ýylyň aprelinde ekrana çykypdy. Brukeriň aýtmagyna görä, ýedinji möwsüm serialyň "nusgawy" formatyna has ýakyn boldy. Ýatladyp geçsek, altynjy möwsümde tehnologiýa temalaryndan sowlup, has köp gorky (horror) elementlerine üns berlipdi.


düýn 23:58
797

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
10k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 08:26
6k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....