ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasynyň baýragyna dalaşgärler belli boldy

  • 10.01.2026 10:53
  • 915

ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasy ozal SAG Awards diýlip atlandyrylan Actor Awards ýyllyk baýragyna dalaşgärleri yglan etdi. Ýeňijiler 1-nji martda Los-Anjelesde kesgitlener, dabara bolsa Netflix platformasynda görmek üçin elýeterli bolar.

Şu ýyl dalaşgär görkezilmegiň sany boýunça öňdebaryjy «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmi boldy. Leonardo Di Kaprio «Iň gowy erkek baş keşbi», Çeýz Infiniti bolsa «Iň gowy zenan baş keşbi» kategoriýasynda dalaşgär görkezildi. Ikinji plandaky keşpler üçin baýraga Şon Penn, Benisio Del Toro we Teýýana Teýlor dalaş edýär. Mundan başga-da, baýrak üçin filmiň tutuş aktýorlar ansambly we kaskadýorlar topary dalaşgärdir.  
Telewizion taslamalaryň arasynda has köp nominasiýany «Kinostudiýa» komediýasy we «Ýetginjeklik döwri» dramasy aldy – ikisinde-de bäş nominasiýa. Komediýa şüweleňleriniň kategoriýasynda baýrak üçin Set Rogen, Ketrin Han, Ketrin O’Hara, Aýk Barinhols (şeýle-de, tutuş «Kinostudiýa» düzümi), mini-seriallar kategoriýasynda bolsa Erin Doerti, Kristina Tremarko, Ouen Kuper we Stiwen Grem (şeýle-de «Ýetginjeklik döwrüniň» tutuş artistler ansambly) bäsleşýär.
Esasy kategoriýalarda dalaşgärleriň sanawy

Filmiň aktýorlar düzümi

  • «Frankenşteýn»
  • «Hamnet»
  • «Marti Beýik»
  • «Bir söweşden soň beýleki»
  • «Günäliler»

Filmde iň gowy zenan baş keşbi

  • Jessi Bakli («Hamnet»)
  • Rouz Birn («Aýagym bolan bolsa, seni deperdim»)
  • Keýt Hadson («Aýdym gamgyn ýaňlanýar»)
  • Çeýz Infiniti («Bir söweşden soň beýleki»)
  • Emma Stoun («Bugoniýa»)

Filmde iň gowy erkek baş keşbi

  • Timoti Şalame («Marti Beýik»)
  • Leonardo Di Kaprio («Bir söweşden soň beýleki»)
  • Itan Houk («Mawy Aý»)
  • Maýkl B. Jordan («Günäliler»)
  • Jessi Plemons («Bugoniýa»)

Drama serialynda iň gowy zenan keşbi

  • Britt Louer («Bölünişik»)
  • Parker Pouzi («Ak lotos»)
  • Keri Rassell («Diplomat»)
  • Rea Sihorn («Köpüň biri»)
  • Eými Lu Wud («Ak lotos»)

Drama serialynda iň gowy erkek keşbi

  • Sterling K. Braun («Jennet»)
  • Billi Krudap («Säher şüweleňi»)
  • Uolton Goggins («Ak lotos»)
  • Geri Oldman («Haýal atlar»)
  • Noa Uaýl («Pitt hassahanasy»)

Komediýa serialynda iň gowy zenan keşbi

  • Ketrin Han («Kinostudiýa»)
  • Ketrin O’Hara («Kinostudiýa»)
  • Jenna Ortega («Uensdeý»)
  • Jin Smart («Hileler»)
  • Kristen Uig (Palm-Roýal»)

Komediýa serialynda iň gowy erkek keşbi

  • Aýk Barinhols («Kinostudiýa»)
  • Adam Broudi («Hiç kim muny islänok»)
  • Ted Danson («Adam içinde»)
  • Set Rogen («Kinostudiýa»)
  • Martin Şort («Bir binadaky ölüm»)

Filmde kaskadýorlar ansambly

  • «Frankenşteýn»
  • «Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk»
  • «Bir söweşden soň beýleki»
  • «Günäliler»

Teleserialda kaskadýorlar ansambly

  • «Andor»
  • «Lendmen»
  • «Bizden biri»
  • «Kalmar oýny»
  • «Gaty geň zatlar»

düýn 20:35
1.4k+

Oskarly "Hemme zat hemme ýerde we birbadanyň" awtorlary täze filmi surata düşürmäge girişer

"Hemme zat hemme ýerde we birbada" filmi bilen tanalýan Danielleriň dueti (Den Kwan we Deniel Şaýnert) öňümizdäki tomus täze taslamany surata düşürmäge girişerler. Universal Studios filmi 2027-nji ýylyň noýabr......

düýn 17:36
4.7k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......

düýn 10:41
1.4k+

"Kokonyň syry" multfilminiň ikinji bölüminiň çykjak senesi yglan edildi

"Kokonyň syry" multfilminiň dowamy 2029-njy ýylyň 21-nji noýabrynda çykar. Bu barada The Wall Street Journal gazetiniň žurnalisti Ben Fritz habar berdi....

düýn 10:32
607

2027-nji ýylda Berlin kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

77-nji Berlin halkara kinofestiwalynyň geçiriljek senesi belli boldy. Festiwal 2027-nji ýylyň 10-21-nji fewraly aralygynda geçer diýip, «Berlinaleniň» saýtynda habar berilýär. Açylyş dabarasynyň çarşenbe güni — geçen ýyllardakydan bir gün ir boljakdygy bellenilýär...