«Bir söweşden soň beýleki» filmi dört «Altyn globus» baýragyny aldy

  • 12.01.2026 13:03
  • 3.6k+

Los-Anjelesde «Altyn globus» baýragynyň 83-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şu ýyl esasy baýrak eýesi «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) satiriki syýasy komediýasy boldy.

Pol Tomas Andersonyň filmi dört baýraga, şol sanda «Iň gowy film – mýuzikl ýa-da komediýa», režissýorlyk, ssenariý we ikinji plandaky iň gowy zenan keşbi (Teýýana Teýlor) kategoriýalarynda baýraklara mynasyp boldy. Umuman, film dokuz nominasiýada dalaşgär görkezildi.

«Iň gowy film – drama» kategoriýasynda baýragy režissýor Hloýa Çžaonyň «Hamnet» filmi aldy.

Daşary ýurt dilinde iň gowy film diýlip Braziliýanyň «Gizlin agent» filmi ykrar edildi, «Iň gowy animasion film» kategoriýasynda bolsa «Keý-pop melgun awçylary» ýeňiş gazandy.

«Mýuziklde ýa-da komediýada iň gowy aktýor» kategoriýasynda baýragyň eýesi «Marti Beýik» filmi üçin Timoti Şalame boldy. Bu onuň ilkinji «Altyn globusydyr». Dramanyň iň gowy aktýory hökmünde baýragy «Gizlin agent» filminde oýnan Wagner Moura aldy.

Mýuziklde ýa-da komediýada iň gowy aktrisa Rouz Birn («Aýagym bolan bolsa, seni deperdim»), dramada bolsa – Jessi Bakli («Hamnet») boldy.

Telewizion taslamalaryň arasynda iň gowy drama serialy üçin «Altyn globusa» «Pitt hassahanasy» eýe boldy. Iň gowy komediýa serialy diýlip «Kinostudiýa» ykrar edildi.

«Iň gowy mini-serial ýa-da antologiýa» kategoriýasynda «Ýetginjeklik döwri» ýeňiş gazandy. Ol aktýorlyk kategoriýalarynda-da tapawutlandy – ikinji plandaky iň gowy aktrisa (Erin Doerti), mini-serialda iň gowy aktýor (Stiwen Grem) we ikinji plandaky iň gowy aktýor (16 ýaşly Ouen Kuper).


düýn 07:46
1.1k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.4k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
11k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....