A24 Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» trilleriniň treýlerini hödürledi

  • 08.01.2026 14:40
  • 3.6k+

A24 kinokompaniýasy «Robin Guduň ölümi» (Смерть Робин Гуда) trilleriniň treýlerini hödürledi. Onda baş keşbi Hýu Jekman ýerine ýetirdi. Filmiň çykmagy şu ýyla meýilleşdirilýär, ýöne premýeranyň takyk senesi entek habar berilmeýär.

Filmiň sýužeti adybir iňlis halk balladasyna esaslanýar. Köpýyllyk talaňçylyk durmuşyndan ýadan baş gahryman gan çykarmak prosedurasyny geçirmek üçin Kirklis monastyryna ugraýar. Oňa wepaly dosty Kiçi Jon (onuň keşbini Bill Skarsgard ýerine ýetirdi) ýoldaş bolýar. Monastyrda gahrymanlar Robin Gudy öz geçmişiniň netijelerine garşy göreşmäge mejbur edýän ölüm howply duzak bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Taslamanyň režissýory Maýkl Sarnoski boldy. Jekmandan we Skarsgarddan başga-da, filme Jodi Komer, Mýurreý Bartlett we Noa Jup gatnaşýar.
Film 35 millimetrlik plýonka düşürildi. Düşürmek işleri 2025-nji ýylyň fewral-martynda Demirgazyk Irlandiýanyň çäklerinde alnyp baryldy. 


düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....