Zoi Saldana filmleri has köp girdeji gazanan aktýorlaryň sanawynda Skarlett Ýohanssondan öňe geçdi

  • 14.01.2026 11:16
  • 4.3k+

2026-njy ýylyň ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Zoi Saldana ähli döwürde filmleri has köp girdeji gazanan aktýor boldy. Ol bu reýtingde Skarlett Ýohanssondan öňe geçdi. Saldana şeýle netijä «Awatar: Ot we kül» filmi çykandan soň ýetdi. Film 2025-njy ýylyň ahyrynda çykany bäri dünýä prokatynda 1,23 mlrd dollardan gowrak ýygnady we bu entek gutarnykly görkeziji däl.

Ähli rollaryny hasaba alanyňda, Saldananyň gatnaşmagyndaky filmleriň umumy kassa ýygymy 15,4 mlrd dollardan geçdi. Ýohanssonyňky sähel az – ol, esasan, Marvel älemindäki Gara duluň keşbi bilen 15,4 mlrd dollara ýetdi.
Şeýle-de, gatnaşan filmleri has köp girdeji getiren aktýorlaryň bäşligine Semýuel L.Jekson, Robert Dauni kiçi we Kris Pratt hem girýär.
Saldana birbada birnäçe uly franşiza gatnaşýar:

  • «Awatar» (Neýtiri)
  • Ar alyjylar we Marvel kinoälemi (Gamora);
  • Galaktikanyň sakçylary;
  • «Ýyldyz ýoly» (Star Trek) franşizasynyň gaýtadan ýola goýulmagy.

Geçen ýyl Saldana «Emiliýa Peres» mýuziklindäki keşbi üçin ikinji plandaky iň gowy aktrisa hökmünde «Oskar», «Altyn globus» we BAFTA baýraklaryna mynasyp boldy.


düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....