Täze çykarylýan "Mumiýa" filmi Finçeriň trillerlerini ýatladar: ilkinji tizer ýaýrady

  • 16.01.2026 08:16
  • 2.6k+

"Blumhouse" we "Warner Bros." kompaniýalary "Mumiýa" filminiň ilkinji tizerini köpçülige hödürlediler.

Taslamanyň režissýory Li Kronin ("Eýmenç ölüleriň gozgalaňy" filmi bilen tanalýan) täze eseri "Poltergeýst" ruhundaky gorkuly film (horror) bilen Dewid Finçeriň stilindäki garaňky detektiwiň gibridi hökmünde häsiýetlendirýär.
Filmiň ýordumy çölde dereksiz ýitip giden žurnalistiň ýaş gyzynyň töwereginde gurulýar. Sekiz ýyl geçenden soň, gyz garaşylmadyk ýagdaýda öýüne gaýdyp gelýär. Emma maşgalanyň gaýtadan duşuşmagynyň şatlygy kem-kemden hakyky eýmençlige öwrülýär.
Kronin bu filmiň nusgawy "Mumiýa" filmleriniň remeýki (gaýtadan işlenmesi) däldigini nygtaýar. Taslama mumiýalamagyň az belli bolan taraplaryna we gadymy Müsür miflerine ünsi jemläp, taryhyň täzeçil beýany hökmünde göz öňünde tutulýar.
Filmde baş keşpleri Jek Reýnor, Laýýa Kosta, Meý Kalamawi, Natali Greýs we Weronika Falkon dagy janlandyrýarlar. Li Kronin filmiň ssenarisini hem özi ýazdy. Taslamanyň prodýuserleriniň biri bolsa Jeýms Wandyr ("Byçgy", "Astral").
"Mumiýa" filminiň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 15-nji apreline meýilleşdirilýär.


şu gün 12:14
450

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....