«Dykyn wagty 4» Saud Arabystanynda we Afrikada düşüriler: býujet $100 mln bolar

  • 10.01.2026 11:04
  • 7.5k+

«Dykyn wagty»  (Час пик) komediýa-ekşen filminiň dördünji bölümi Saud Arabystanynda, Hytaýda, şeýle-de Afrika ýurtlarynyň birinde düşüriler. Sýužet brakonýerlik bilen bagly meseläni gozgar.

Puck News neşiriniň ýazmagyna görä, filmiň üstünde şu ýylyň ýazynda ýa-da tomsunda işlenip başlanar. Prodýuserler eýýäm 100 mln  dollarlyk býujeti üpjün etdi we ABŞ-da 4000 kinoekranda prokata goýbermek barada Paramount Pictures studiýasy bilen ylalaşyk gazandy.
Režissýorlyk kürsüsini ýene-de ilkibaşdaky trilogiýany düşüren Brett Retner eýelär. Baş gahrymanlar Jeki Çan we Kris Taker entek resmi taýdan şertnama baglaşmady, ýöne insaýderler aktýorlaryň bu taslama uly gyzyklanma bildirýändigini belleýär. Ähli kanuny resminama işleriniň önümçiligi gijikdirmezlik üçin ýakyn wagtda tamamlanmagyna garaşylýar. 


şu gün 12:14
450

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....