"Çirkin ses 7-niň" tizeri peýda boldy: Arwah ýüz ýene-de Sidni Preskottyň maşgalasyny gorkuzýar

  • 17.01.2026 16:43
  • 4.2k+

27-nji fewralda halkara kinoprokatyna çykjak "Çirkin ses 7" filminiň täze tizeri "Paramount Pictures" kompaniýasynyň YouTube kanalynda köpçülige hödürlendi.

Filmiň esasy gahrymany hökmünde ýene-de Sidni Preskott (Niw Kempbell) dolanyp gelýär. Aktrisa özüniň meşhur keşbi — meşhur "Arwah ýüz" nikabyny geýen ganhor tarapyndan yzarlanýan Sidniň keşbine gaýtadan jan berýär.
Sidni franşizanyň ilkinji bäş bölüminde peýda bolup, altynjy bölüminde diňe ady agzalypdy. Soňky bölümlerde ol esasy gahryman hökmünde görkezilmändi.
Bu gezek ganhor Sidniniň özüne däl-de, onuň gyzyna (Izabel Meý) hüjüm edýär. Tizerdäki kadrlar ganhoruň Preskottlaryň maşgalasynyň öýüne aralaşýandygyny görkezýär.
Filmde muşdaklara tanyş bolan Meýson Guding, Žasmin Sawoý Braun we Kortni Koks dagy bilen bir hatarda, täze keşplerde Joel MakHeýl, Itan Embri, Mark Konsuelos, Anna Kemp we Makkenna Greýs ýaly aktýorlar çykyş ederler.
Filmiň režissýory — franşizanyň esaslandyryjysy we hemişelik ssenariçisi Kewin Uillýamson. Ol 2023-nji ýylda taslamadan giden Kristofer Lendonyň ornuna geldi.
Uillýamson interwýularynyň birinde Sidni Preskottyň ene hökmündäki täze durmuşy barada şeýle diýdi:

"Sidni Preskottyň ýerinde bolup, çaga dogurmak baradaky kararyň nähili agyrdygyny göz öňüne getiriň. Eger şeýle karar kabul edilen bolsa, geçmişiň haçan dolanyp geljekdigini bilmän, gorky we stres astynda ýaşamak nähili bolar? Onuň ene hökmündäki çemeleşmesi beýleki ene-atalaryňkydan düýbünden tapawutly bolar."

Belläp geçsek, ozalky bölümlerde Sem Karpenteriň keşbini janlandyran Melissa Barrera syýasy garaýyşlary sebäpli taslamadan çykarylypdy. Ondan soň meşhur aktrisa Jenna Ortega hem taslamany terk etdi.


11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....