Britaniýaly Kallum Týorner 007 agentiniň keşbi üçin esasy dalaşgär boldy

  • 15.01.2026 11:55
  • 2.6k+

Britaniýaly aktýor Kallum Týorner 007 agenti Jeýms Bonduň keşbi üçin franşizanyň täze filminde esasy dalaşgär boldy. Daily Mail-iň maglumatlaryna görä, hut ol Deniel Kreýgiň ornuny çalşar.

Çeşmeler 34 ýaşly aktýoryň töweregindäkileriň eýýäm onuň tassyklanyp bilmegini ara alyp maslahatlaşýandygyny ýazýar. Prodýuserler hem Týorneriň gelni – aýdymçy Dua Lipa bilen hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligini öwrenýär. Ol film üçin esasy aýdymy ýazyp biler diýlip pikir edilýär, bu bolsa «bir okda iki towşan awlamaga» mümkinçilik berer.
«Fantastik mahluklar» we «Emma» filmleri boýunça tanalýan Kallum Týorner ekranda rowaýata öwrülen içalynyň obrazyny janlandyran iň ýaş aktýorlaryň biri bolup biler.
Franşizanyň täze wersiýasynyň režissýory hökmünde «Dýuna» filmi bilen tanalýan Deni Wilnýow bellenildi. Onuň çemeleşmesiniň Bond baradaky hekaýatlaryň ösüşiniň täze ugruny kesgitlemegine garaşylýar.
Täze filmiň üstündäki işler Amazon MGM kompaniýasynyň gatnaşmagynda alnyp barylýar. Ol 2022-nji ýylda Metro-Goldwyn-Mayer studiýasyny satyn alandan soň, franşiza üçin hukuk aldy. 


düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....