«Godzilla: Minus bir» filminiň dowamy şu güýzde çykar

  • 12.01.2026 11:17
  • 2.8k+

«Godzilla: Minus nol» filmi noýabrda prokata çykar. Ýaponiýada premýera 3-nji noýabra, ABŞ-da bolsa 6-njy noýabra meýilleşdirilýär diýip, Variety neşiri habar berýär.

Täze film 2023-nji ýylda çykan we «Oskar» baýragyny alan «Godzilla: Minus bir» filminiň dowamy bolar. Filmde öz keşplerine aktýorlar Rýunoske Kamiki we Minami Hamabe gaýdyp geldi. Taslamanyň režissýory bolup ýene-de Takasi Ýamadzaki çykyş edýär.
Täze filmiň sýužeti barada giňişleýin maglumat entek ýok. Birinji bölüm uruşdan soňky döwürde ägirt nägehanyň Ýaponiýa hüjümi barada gürrüň beripdi. Film dünýä prokatynda 100 mln dollardan gowrak gazandy. 


şu gün 12:14
241

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....