«Köpüň biri» serialy tomaşa boýunça Apple TV-niň rekordyny goýdy

  • 14.01.2026 09:37
  • 1.3k+

«Köpüň biri» (Pluribus) fantastik serialy Apple TV striming hyzmatynyň taryhynda iň köp tomaşa edilen serial boldy. Bu barada platformanyň ýolbaşçylygyna salgylanyp, Deadline habar berýär.

Serial Wins Gilligan («Garadangaýtmaz», «Gowusy, Sola jaň ediň») tarapyndan döredildi. Birinji möwsümiň premýerasy noýabrda boldy.
Sýužet doly pozitiw wirusy bilen gurşalan dünýäde ýaýbaňlanýar. Baş gahryman bu «bagty» kabul etmeýän köpüň biri bolan ýazyjy Kerol Sturka bolýar.
Baş keşbi Reý Sihorn ýerine ýetirdi. Bu keşp üçin aktrisa «Altyn globus» baýragyna mynasyp boldy.
Birinji möwsüm dokuz bölümden ybarat. Tankytçylar taslama ýokary baha berdi: reýting 98%-e deň.
Apple TV-niň ýolbaşçylygy serialy eýýäm ikinji möwsüme uzaltdy. 


düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....