Disney täze “Rapunsel” filmi üçin baş keşp aktýorlaryny tassyklady

  • 12.01.2026 23:03
  • 3.4k+

Disney kompaniýasynyň “Rapunsel: Çylşyrymly hekaýa” (Tangled) multfilminiň janly-enjamlaşdyrylan (live-action) remeýkindäki baş keşpleri janlandyrjak aktýorlar resmi taýdan belli boldy.

Deadline we The Hollywood Reporter neşirleriniň habar bermegine görä, Rapunseliň keşbini “Titanlar” (Titans) serialy bilen tanalýan awstraliýaly aktrisa Tigan Kroft, Flinn Raýderiň keşbini bolsa Disney-iň “Zombi” mýuzikliniň ýyldyzy Maýlo Manhaým janlandyrar.
Filmiň režissýory wezipesine “Iň beýik şoumen” (The Greatest Showman) filminiň režissýory Maýkl Greýsi bellenildi. Ssenarini bolsa Jennifer Keýtin Robinson (“Tor: Söýgi we ýyldyrym”) ýazdy. Täze taslama Disney-iň 2010-njy ýyldaky meşhur animasiýa filmine esaslanar.
Çykaryljak senesi heniz resmi taýdan yglan edilmedi, ýöne önümçilik işleriniň 2026-njy ýylda başlamagyna garaşylýar. Ozal Gotel enäniň keşbi üçin Skarlett Ýohanssonyň ady agzalypdy, ýöne aktrisa taslamadan çekildi. Häzirki wagtda Gotel enäniň keşbini kim oýnajakdygy entek näbelli.
Rapunsel we Flinn keşpleri üçin ozal Jiji Hadid we Kori Milkrist ýaly meşhur atlaryň hem dalaşgär bolandygy, ýöne kasting netijesinde Kroft we Manhaým saýlanyp alandygy bellenilýär.
"Rapunsel: Çylşyrymly hekaýa" multfilmi doganlar Grimmleriň ertekisiniň döwrebap görnüşi bolup, 2010-njy ýylda dünýä prokatynda 592 million dollar girdeji gazanypdy. Bu üstünlikden soň, Disney birnäçe gysga metražly dowamlary we animasiýa serialyny hem çykarypdy.


11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....