"God of War" oýnunyň filminde baş keşbi janlandyrjak aktýor belli boldy

  • 16.01.2026 16:10
  • 4.7k+

«God of War» («Бог войны») wideo oýnuny ekranlaşdyrýan Amazon onuň serial görnüşinde spartanly uruş hudaýy Kratosyň keşbini Raýan Herstiň janlandyrjakdygyny yglan etdi.

Täze taslama Wankuwerde deslapky önümçilik tapgyrynda we häzirki wagtda onuň kastingleri dowam edýär. Surata düşürmek işleri entek fewral aýynda başlamaly bolsa-da, Amazon serialy eýýäm ikinji möwsüme çenli uzaltdy. Filmiň ilkinji iki bölüminiň režissýory hökmünde Frederik E. O. Toýe tassyklanyldy.
Raýan Herst Opi Uinstonyň «Anarhiýanyň ogullary» («Сыны анархии») serialyndaky döreden keşbi, şeýle-de «Titanlary ýatlap» («Вспоминая Титанов») serialyndaky Gerri Bertýeriň keşbi bilen tanalýar. Ol mundan öň «God of War» franşizasy bilen işleşip, «God of War Ragnarýok» oýnunda Tory seslendiripdi we 2022-nji ýylda BAFTA-nyň «Iň gowy ikinji derejeli aktýor» baýragyna dalaşgär hökmünde görkezilipdi.
Habarlara görä, islandiýaly aktýor Olafur Darri Olafsson hem taslamada keşp janlandyrmak üçin gepleşikler geçirýär. Onuň serialda Toruň keşbini janlandyryp bilmegi mümkin.
«God of War» Santa Monica Studio tarapyndan işlenip düzülen we Sony tarapyndan goýberilen köp seriýaly wideo oýundyr. Ol gadymy grek we skandinawiýa mifologiýasynyň dünýälerinde hudaýlar we mifiki jandarlar bilen söweşýän urşujy  Kratosyň keşbini açyp görkezýär. Şeýle-de oýun gandöküşikli wakalary we epik beýany bilen bellidir.


şu gün 12:24
329

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

şu gün 08:41
680

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

06.06.2026 20:43
3.3k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....