«Tagt oýunlarynyň» awtory Dunk we Eggiň başdan geçirmeleriniň dowamynyň boljakdygyny ýaňzytdy

  • 16.01.2026 15:25
  • 2.4k+

HBO Max podkastynda çykyş eden Jorj Martin 18-nji ýanwarda «Ýedi patyşalygyň rysary» atly prikweliň çykmagyndan öň «Tagt oýunlarynyň» çygryny hem giňeltmek baradaky meýilnamasynyň bardygyny paýlaşdy.

The Hollywood Reporter gazetiniň habaryna görä, awtor öz gürrüňiniň dowamynda rysar Dunkuň hem onuň ýarag göterijisi Eggiň tälim alyşlary we geljekde olara nämäniň garaşýandygy hakyndaky täze başdangeçirmeleriň üstünde işleýändigini ýaňzytdy.
Martin öz nowellalaryny «Ýedi patyşalygyň rysary» üçin biraz üýtgedip, sýužetleri has ynandyryjy görnüşe getirdi. Tomaşaçylar Uly Dunkanyň (Piter Klaffi) we Eggiň (Dekster Sol Ansell) Targariýenleriň we Demir täjiň hökümdarlygy döwründe Westerosda syýahat edýän wagtyndaky başdan geçirmelerini görerler.
Martin täze serialda wakanyň  «Tagt oýunlary» filmindäki ýaly birnäçe däl-de, diňe bir gahryman tarapyndan gürrüň berilýändigini belledi. Onuň pikiriçe, şeýle çemeleşme dünýäni has çuňňur öwrenmäge we ünsi belli bir gahrymanlara gönükdirmäge mümkinçilik berip, wakanyň has düşnükli we duýgy taýdan täsirli bolmagyna şert döredýär.


11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....