«Kalmar oýnuny» döreden režissýor Netflix üçin täze serialyň üstünde işleýär

  • 16.01.2026 16:05
  • 3.3k+

Netflix «Kalmar oýnuny» («Игра в кальмара») dörediji Hwan Don-hýokdan täze serialy sargyt etdi. Deadline-niň habar bermegine görä, taslama «Diler» («Дилер») diýlip atlandyrylýar.

Serialy Hwan Don-hýoga degişli Firstman Studio tarapyndan surata düşüriler. Döredijiniň serialyň soňky işlerine nähili ýagdaýda gatnaşjagy heniz anyklanylmady. Täze serial «Kontrbanditkalar» («Контрабандистки»), «Weteran» («Ветеран»), «Gülleriň urşy» («Война цветов»), «Talaňçylar» («Воры») filmleriniň goýujy-operatory Çhwe Çžon-Hwanyň ilkinji režissýorlyk işi bolar.
Geljekki serialyň sýužetiniň esasy merkezinde Gon Hwa atly kazinolar boýunça tejribeli diler gyz hereket eder. Gyzyň özüni gurşap alan galagoply durmuşdan daşlaşyp, toý etmek, rahatlykda, gorky-ürküsiz ýaşamak hakdaky arzuwlary duýdansyz ýerden jaý meselesindäki galplyklar zerarly paşman galýar. Netijede gyz humar oýunlary oýnamakdaky ussatlygyny ulanyp, gaýtadan jenaýatkärleriň dünýäsine aralaşmaga mejbur bolýar.
Täze serialda baş keşbi Günorta Koreýanyň önümi bolan «Ruhlaryň alhimiýasy» («Алхимия душ») serialyndaky keşbi bilen tanalýan aktrisa Çon So-min janlandyrar. Häzirki wagtda serialyň surata düşüriliş işleriniň başlanýan senesi ýa-da çykarylýan senesi barada takyk maglumat ýok.
2025-nji ýylda tamamlanan «Kalmar oýny» serialy Netflix-iň taryhynda iň meşhur taslamalaryň biri boldy.  Häzirki wagtda bu serialyň amerikan spin-off görnüşiniň üstünde işlenilýär.


düýn 23:58
797

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
10k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 08:26
6k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....