«Dostluk bozuldy!»: Hans Zimmer «Altyn Globusyň» guramaçylaryny kompozitorlara hormatsyzlykda tankytlady

  • 14.01.2026 17:22
  • 4.5k+

Kompozitor Hans Zimmer «Iň gowy saz» baýragynyň gowşurylyşyny teleýaýlymda görkezmändikleri üçin «Altyn Globusyň» guramaçylaryny tankytlady. Deadline bilen söhbetdeşlikde Zimmer bu hereketiň nadanlyga çalym edýändigini-de ýaňzytdy.

Bu ýyl kino üçin iň gowy saz baýragyna «Günäliler» («Грешники») filmine ýazan sazy üçin şwesiýaly kompozitor Lýudwig Geransson mynasyp boldy. Ýöne nämüçindir ýaýlymda onuň baýrak alýan pursatyna derek mahabat arakesmesi görkezildi.
Zimmer wakanyň bolup geçen wagtynda zaldaky tomaşaçylaryň arasynda film döretmek işine we onda sazyň eýeleýän ornuna gowy düşünýän kinorežissýorlaryň oturandygyny-da belledi.

«Bu zal işiň hysyrdysyna kemsiz belet we men filmiň üstünde işläp, öýe gelenimde çagalarymyň meniň kimdigimi-de tanap bilmeýändigine, onuň bolsa, meniň ençe aýlap öýde bolmandygym sebäplidigine düşünýän kinorežissýorlardan doly. Kompozitoryň kino döretmekdäki orny şeýle bir möhüm welin,  ol saz döretmäge başlan wagtynda režissýor eýýäm urşuň içinden geçip gelýär.  Şu ýerde biziň ilkinji wezipämiz, oňa bu filmi aslynda näme maksat  bilen döredýändigini ýatlatmak bolup durýar» diýip janykdy.

Wakanyň şeýle bolmagyna sebäpkär kişä näme diýjekdigi hakynda soralanda kompozitor: «Onuň bilen asla gürleşmezdim. Meniň pikirimçe, biziň bolanja dostlugymyz hem bozuldy» diýip jogap berdi.
Geransson «Delil» («Довод»), «Oppengeýmer» («Оппенгеймер»), «Gara babyr» («Черная Пантера») we «Wenom» («Веном») filmlerine döreden sazlary bilen tanalýar.
Zimmeriň özi-de şu ýyl Bred Pittiň baş keşbini janlandyran «F1» filmine ýazan sazy üçin «Iň gowy saz» baýragyna dalaşgär görkezilipdi.


düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....