«Awatar 3» prokatda 1 milliard dollar sepgitden geçdi

  • 05.01.2026 14:17
  • 4k+

«Awatar: Ot we kül» filmi dünýä prokatynda 1 milliard dollar girdeji görkezijisinden geçdi diýip, Collider neşiri habar berýär. Film 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda ekrana çykdy we bary-ýogy iki hepdeden sähel gowrak wagtyň içinde bu görkezijä ýetdi.

Bu üstünlik netijesinde franşizanyň döredijisi Jeýms Kemeron kino taryhynda birbada dört filmi prokatda 1 milliard dollardan gowrak peýda getiren ýeke-täk režissýor boldy. Mundan ozal «Titanik», birinji «Awatar» we «Awatar: Suwuň ýoly» filmleri bu sepgidi eýeläpdiler.
1997-nji ýylda çykan «Titanik» şu güne çenli dünýä prokatynda 2,2 milliard dollar gazandy. 2009-njy ýylda goýberilen «Awatar» filminiň birinji bölümi 2,9 milliard dollar girdeji getirip, häzirki wagta çenli kino taryhynda iň girdejili film bolmagynda galýar. Onuň dowamy bolan «Awatar: Suwuň ýoly» bolsa prokaty 2,3 milliard dollar netije bilen tamamlady.
Üçünji bölümiň üstünligi «Awatar» franşizasyna kino taryhynda iň girdejili trilogiýa bolmaga mümkinçilik berdi. Eýýäm 2025-nji ýylyň 29-njy dekabrynda üç filmiň jemi girdejisi 6 milliard dollardan geçdi. Şol senä çenli «Ot we kül» filmi 760 million dollardan gowrak gazanypdy.
«Awatar 3-üň» ýokary girdejileri Disney studiýasyna 2019-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ýyllyk kassa ýygymynda 6 milliard dollar sepgidinden geçmäge kömek etdi. Studiýanyň 2025-nji ýyldaky iň girdejili filmleri 1,3 milliard dollar netije bilen «Haýwanlar şäheri 2» we 1 milliard dollar gazanan «Lilo we Stiç» boldy.
«Awatar 3-üň» sýujeti wulkanlaryň golaýynda ýaşaýan gazaply Na’wi taýpasyna bagyşlanýar. Filmde esasy gürrüň beriji hem üýtgeýär: indi wakany Jeýk Salli däl-de, onuň ogly Loak gürrüň berýär. Esasy rollary ýene-de Sem Wortington, Zoe Saldana, Keýt Winslet we Sigurni Wiwer janlandyrdylar.


11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....